ABŞ-nyň “Visa” we “Mastercard” ýaly töleg boýunça ägirtleriniň Ýewropada täze bäsdeşi peýda boldy. “Euronews”-iň ýazmagyna görä, täze “Wero” hyzmaty eýýäm sarp edijileriň köpüsi üçin elýeterli. “Wero” – ýeke-täk sanly töleg hyzmaty bilen üpjün etmek maksady bilen döredilip, Ýewropanyň 16 bankynyň we maliýe guramalarynyň ulgamy bolan Ýewropanyň Töleg Başlangyjy (EPI) tarapyndan ençeme ýyllap dowam eden işiniň netijesidir.
Sanly gapjyk eýýäm bar bolan “Payconiq” we iDEAL ulgamlaryna esaslanýar. Ol müşderilere diňe telefon belgisini ulanyp, Ýewropadaky beýleki ulanyjylara pul geçirmäge mümkinçilik berýär. Indi halkara bank hasabynyň kody bolan IBAN-yň hem zerurlygy ýok. “Wero”-nyň esasy artykmaçlyklaryndan biri hem pul ibermegiň we almagyň tizligidir.
Bu başlangyç diňe bir ýewro zolagynda sanly tölegleri has aňsatlaşdyrman, eýsem, Ýewropanyň maliýe hyzmatlary boýunça strategik özbaşdaklygy gazanmak ugrundaky köpden bäri edýän tagallalaryna jogapdyr. Häzirki güne çenli ýewro zolakdaky ýurtlaryň aglabasy sanly tölegler babatda halkara hyzmat edijilerine bil baglap gelýärdi. Ýewropanyň Merkezi bankynyň tassyklamagyna görä, ýewro zolagyndaky ähli elektron kartoçkalaryň 64 göterimini halkara hyzmatyny üpjün edijiler emele getirýär.
-Ýewropada şunuň ýaly kämil töleg hyzmatynyň ýola goýulmagy, esasan, bank we töleg ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu sarp edijiler üçin has peýdaly bolup biler – diýip, “Positive Money” guramasynyň bir wekili aýtdy. 2025-2026-njy ýyllarda “Wero”-nyň hyzmatlarynyň üsti onlaýn satyn alyşlaryň tölegleri, QR kodlary arkaly tölegler we hasaplaşygyň beýleki mümkinçilikleri bilen dolduryljakdygy habar berilýär.