Saud Arabystany nobatdakt mega-taslamasyny yglan etdi. Patyşalyk 92 müň orunlyk stadion gurmakçy. Dünýäniň iň uly sport desgalarynyň biri boljak Patyşa Salmanyň adyny göterer. Gurluşygy 2029-njy ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanjak bu stadionda  2034-nji ýylda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryny guramak meýilleşdirilýär. Stadionyň meýdany 660 müň inedördül metrden geçer. Tomaşaçylaryň oýna tomaşa etmek üçin oňaýly bolar ýaly ýörite sowadyjy ulgam bilen üpjün ediler.