Futbol äleminiň iň uly şahsy baýragy hasaplanýan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň bu ýylky ýeňijisi belli boldy. Angliýanyň paýtagty Londonda geçirilen dabara futbolyň öňki-soňky ýyldyzlary, meşhur tälimçiler gatnaşdylar. Tierri Anri bilen Keýt Skottuň bilelikde alyp baran dabarasynda “Altyn top” baýragyna “Bawariýanyň” angliýaly hüjümçisi Harri Keýn mynasyp görüldi. 33 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy fransiýaly Kilian Mbappeni hem-de ispaniýaly Lamin Ýamaly yzda galdyrdy.

Keýn geçen möwsümde 73 gol geçirip, “Bawariýa” bilen 3 kubok gazanypdy. Keýn bu baýragy 25 ýyldan soň gazanan ilkinji, umumylykda-da 5-nji iňlis futbolçysy boldy. Bu baýragy Keýnden öň angliýaly Stenli Mattýuws (1956), Bobbi Çarlton (1966), Jorj Best (1968), Kewin Kigan (1978, 1979) hem-de Maýkl Owen (2001) gazanypdy.

Şeýle-de, “Bundesligadan” 30, “Bawariýadan” 45 ýyl soň bir futbolçy “Altyn top” baýragyna laýyk görüldi. “Bundesligadan” soňky gezek 1996-njy ýylda Matias Sammer (“Borussiýa D”), “Bawariýadan” bolsa 1981-nji ýylda Karl-Haýns Rummenigge “Altyn top” baýragyny gazanypdy.

Harri Keýn geçen möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde Gerd Müller baýragyny hem gazanmagy başardy. Ol 2024-nji ýylda-da bu baýragy Kilian Mbappe bilen paýlaşypdy.