Italiýanyň “Atalanta” toparynyň russiýaly ýarymgoragçysy Alekseý Mirançuk mundan soň karýerasyny täze yklym ABŞ-da dowam etdirer. 28 ýaşyndaky oýunçy ABŞ-nyň çempionaty MLS-iň klublarynda “Atlanta Ýunaýtediň” düzümine goşuldy. Amerikany kluby täze hawbekleri üçin italýan klubuna 15 million ýewro pul tölär. Mirançuk täze kluby bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Gerek bolan ýagdaýynda şertnamanyň möhleti ýene bir ýyllygyna uzaldylyp bilner. Mirançuk “Atlanta Ýunaýtediň” taryhyndaky iň gymmat transfer boldy.

Mirançuk karýerasyna “Lokomotiwde” başlap, ol moskwalylaryň düzüminde 10 möwsüme golaý çykyş etdi. Soň “Atalanta” transfer bolan Mirançuk bu klubda 3 möwsüm oýnady. 1 möwsümem “Torinoda” kärendesine çykyş eden Mirançuk italýan klublarynda 129 oýunda 17 gol geçirdi.