Myhmanhanalar ýaşamak we dynç almak üçin amatly şertleri bolan döwrebap merkez bolup, syýahatçylaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün edýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, 705-nji ýylda Ýaponiýada döredilen Nisiýama Onsen Keýunkan merkezi resmi taýdan ilkinji myhmanhana hasaplanýar. Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeginde binagärlik gurluşy, owadanlygy, hödürlenýän hyzmatlary we şertleri bilen biri-birinden tapawutlanýan myhmanhanalaryň müňlerçesi guruldy. Gazetimiziň şu sanynda bezeg aýratynlygy, esasan hem, reňkli gurluşy bilen tapawutlanýan dünýädäki iň meşhur 5 myhmanhana bilen tanyşdyrýarys.
«Bela Vista», Portugaliýa. Portiman kenarýaka şäherinde ýerleşýän bu 5 ýyldyzly myhmanhananyň reňkleri Portugaliýanyň tebigy gözelliklerinden ylham alýar. Algarwi sebitinde gurlan goňrumtyl-altynsow reňkli myhmanhananyň içki bezeginde, esasan, gök reňk ulanylypdyr. Gök reňkdäki bezegler myhmanhanany Atlantik ummanynyň ajaýyp görnüşi bilen birleşdirýär. «Praia da Rocha» kenarýaka dynç alyş merkeziniň ýanynda ýerleşýän bu myhmanhanada reňkli dynç alyş otaglary bilen bir hatarda, dynç alyş howzy, açyk aşhana, palmaly meýdança bar. Portugaliýanyň günortasyndaky kenarýakada ýerleşýän bu bina XIX asyrda gurlan maşgala öýi bolup, 1934-nji ýylda myhmanhana öwrülýär.
«Rosas & Xocolate Boutique», Meksika. Myhmanhananyň flamingo reňkli binasy romantik gözelligi emele getirýär. Merida şäherindäki kakao bagçylyk meýdanynda ýerleşýän gülgün reňkli 17 otagly myhmanhananyň ýanynda dynç alyş howzy we çüwdürim bar. Myhmanhananyň howlusyna ýagtylygyň düşmegi bilen gülgün reňkli diwarlar suwda şöhlelenip, ajaýyp görnüşi emele getirýär.
«JW Marriott», Wýetnam. «Älemgoşar» şypahanasy atly bu myhmanhananyň her binasy başga bir reňkden ylham alýar. Tailand aýlagynyň Fukuok sebitindäki «JW Marriott» myhmanhanasy syýahatçylyk pudagynda «Wýetnamyň merjeni» ady bilen tanalýar. Tropik tokaýyň jümmüşinde, mawy deňziň kenarynda ýerleşýän bu toplum owadan reňkli kiçijik şähere meňzeýär.
«Colony», ABŞ. Floridanyň palma tokaýlaryny we güneşli tebigatyny synlamaga mümkinçilik berýän «Colony» myhmanhanasy Palm Biç kenarýaka şäherçesiniň meşhur nyşanlarynyň biridir. Sebitde «reňkli şaý-sepler» ady bilen tanalýan bu myhmanhana iňlis binagärlik nusgalaryndan ylham alnyp gurlupdyr. Myhmanhananyň daşky görnüşi açyk gülgün reňkde bolup, içki otaglar dürli reňkdäki gülli öý goşlary bilen bezelipdir. Açyk eýwanlary, birnäçe dynç alyş howzy bolan «Colony» myhmanhanasy geçmiş bilen geljegi birleşdirýän ajaýyp reňk sazlaşygyny emele getirýär. Myhmanhana degişli restoran syýahatçylara iň gowy gastronomiýa nusgalaryny hödürleýär.
Gritti köşgi, Italiýa. Wenesiýanyň Uly kanalynyň kenarynda ýerleşýän, XVI asyrda gurlan köşk myhmanhanasy özboluşly reňk sazlaşygy bilen töweregine owadanlyk berýär. Daşy şokolad reňk bilen bezelen myhmanhananyň içki bezeginde goýy gyzyl, gök we narynç reňkler ulanylypdyr. Myhmanhanada taryhy pursatlary suratlandyrýan kartinaly burçlar bolup, dälizler kürsüler bilen bezelipdir. Myhmanlar otaglaryň aralaryndaky kürsülerde oturyp, kitap okap ýa-da çaýdyr kofe içip, dynç alyp bilýärler. Myhmanhananyň daşarky howlusynda açyk restoran hem bar. Bulardan başga-da, myhmanlar owadan reňkli eýwanlara çykyp, kanaldan geçýän gämileri synlap bilýärler.