Yssy günlerde adam bedeniniň suwuklyga bolan islegi has-da artýar. Köpimiz suwsuzlygymyzy gandyrmak üçin gazlandyrylan ýa-da reňkli içimlikleri içýäris. Emma munuň zyýanly taraplaryny hem göz öňünde tutmaly. Sebäbi gazlandyrylan içimlikleriň köp içilmegi agramyň artmagyna ýa-da aşgazan bilen bagly meseleleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin tebigy içimlikleri saýlamaly. Bu içimlikleri siz öý aşhanasynda gysga wagtda taýýarlap bilersiňiz.
Şetdaly çaýy. Orta ululykdaky 2 sany şetdalyny ýarym käse kişmiş bilen bilelikde 2 bulgur suw goşup gaýnatmaly. Taýýar bolan goýy suwuklygy süzgüçde süzüp, üstüne 1 bulgur gök çaý we 4 bulgur suw goşmaly. Az salym sowadyjyda saklanandan soň şetdaly çaýyny içip bilersiňiz. Bu içimlik witaminlere we minerallara baý bolup, deri, göz we ganazlyk üçin peýdaly. Şeýle hem ýürek-damar ulgamyny berkidip, aşgazan-içege ýetmezçilikleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Şetdaly demre baý miweleriň biridir.
Süýtli ýertudana. 5-6 sany ýertudana dänesini blenderden geçirip, ýarym bulgur bişirilen süýt bilen garmaly. Taýýar bolan goýaltma 1 bulgur buzgaýmak goşup, mazaly bulamaly. Islege görä oňa dalçyn hem goşup bilersiňiz. C witamine baý bolan ýertudana holesteriniň derejesini peseldýär. Şeýle hem ýürek-damar ýetmezçiliginiň öňüni almaga ýardam edýär.
Pomidor şireli mineral suw. Täze sykylan pomidor şiresine mineral suw hem-de narpyz goşup, lezzetli içimlik taýýarlaň! Pomidor A, C, E witaminlere we foliý turşusyna baý gök önümleriň biridir. Pomidor nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda, ýürek keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Şeýle hem Gün şöhlesinden derini goramaga hem-de bedeniň garramagyny gijikdirmäge ýardam edýär.
Şekersiz limonad. 4 sany limony miwe sykyjysyndan geçirip, üstüne 1 nahar çemçe bal hem-de 4 bulgur suw goşmaly. Mazaly garylandan soň, sowadyjyda 1-2 sagat goýmaly. Bu içimligiň düzüminde köp mukdarda C witamini we antioksidant bar. Şekersiz limonad howanyň yssy günlerinde iň gowy içimlikleriň biridir.
Garpyzly limonad. Miwe sykyjysyndan geçirilen 2 sany limona 1 nahar çemçesi bal hem-de islege görä garpyz goşup, blenderden geçirmeli. Taýýar bolan içimligi süzgüçden geçirip, üstüne 3-4 bulgur sowuk suw goşup garyşdyrmaly. A witaminiň tebigy çeşmesi bolan garpyz göz üçin peýdaly bolup, immuniteti güýçlendirýär.
Hyýarly aýran. Tomus paslynda iň köp içilýän içimlikleriň biri hem gök otlar goşulan hyýarly aýrandyr. 2 sany hyýary ownuk dogramaly ýa-da blenderden geçirmeli. Üstüne aýran goşup, islege görä gök önümlerdir, reýhan ýa-da narpyz bilen bilelikde içip bilersiňiz. Başga bir usulda aýran däl-de, gatyk goşup hem bu içimligi taýýarlap bolýar. Hyýarly aýrany naharyň ýany bilen içseňiz has lezzetli bolar. 96 göterimi suwdan ybarat hyýar C witaminine we antioksidantlara baý gök önümdir. Hyýar suwuklyga bolan islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, immuniteti güýçlendirýär.
Dalçynly gök çaý. Gök çaý tomus paslynda iň köp içilýän içimlikleriň biridir. Gök çaý demlenende oňa dalçyn taýajyklaryny hem goşup bilersiňiz. Dalçynly gök çaýy gyzgynlygyna däl-de, sowandan soň içseňiz has lezzetli bolar. Dalçyn gan basyşyny kadaly saklamaga, şeýle hem ýokançlyklara we bakteriýalara garşy göreşmäge kömek edýär.
Sowuk kofe. Demlenen kofeni buz gutularyna guýup, sowadyjyda doňdurmaly. Soňra süýt bilen kofeli buz bölejiklerini garyşdyrmaly. Islege görä bu sowuk içimlige dalçyn hem goşup bilersiňiz. Sowuk kofe iň halanýan içimlikleriň biridir.