Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp seýilgähde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bäsleşige «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň etrap-şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.

Balkanly ýaş estrada aýdymçylary köp sanly tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde çykyş edip, özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini ussatlyk bilen açyp görkezmegi başardylar. Ýaş estrada aýdymçylarynyň buýsançly çykyşlarynda hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mizemez Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ýokary üstünlikleri, bütin älem içre meşhur bolan ägirt uly işleri, dost-doganlygy, ruhubelent durmuşymyzy wasp eden mahmal owazly, joşgunly estrada we halk aýdymlary ýaňlandy. Olaryň her biriniň buýsançly çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyryp, bu ýere gelen aýdym-saz muşdaklary tarapyndan dowamly, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Bäsleşige gatnaşan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi hem talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda möhüm orun eýeledi. Çäksiz şatlyk-şowhuna eýe bolan aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji pursatlary has-da gyzykly, tolgundyryjy boldy. Şeýlelikde, öňe saýlanan zehinli ýaş aýdymçylardan welaýatyň Balkanabat şäherinden Guwanç Toýçyýew, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinden Hally Babaýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere ter gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyrynda üstünlikler arzuw edildi.