Wýetnam Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň mejlisi Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini To Lamy 2021-2026-njy ýyllar üçin Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň täze Baş Sekretary wezipesine saýlady.
To Lam sesleriň köpüsi bilen WKP-iň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine saýlanyp, bu wezipede Nguyen Fu Çongyň ornuny tutdy. Baş sekretar we ýurduň Prezidenti To Lam, Partiýanyň merkezi komitetiniň, Syýasy býuronyň we sekretariatyň işine Syýasy býuronyň bellän borçlaryna we ygtyýarlyklaryna laýyklykda ýolbaşçylyk eder.
18-nji iýulda WKP-iň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosy ýurduň Prezidentine WKP-iň Merkezi komitetiniň baş sekretary Nguen Fu Çongyň nähoşlygy sebäpli Merkezi komitetiň, Syýasy býuronyň we sekretariatyň işine wagtlaýyn ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy. 19-njy iýulda Nguen Fu Çong 81 ýaşynda aradan çykdy.
To Lam üçin 1957-nji ýylyň 10-njy iýulynda Wýetnamyň demirgazygyndaky Hyngýen welaýatynda dünýä indi. Ol köp ýyllaryň dowamynda döwlet howpsuzlyk edaralarynyň düzüminde dürli ýolbaşçy wezipelerde işledi. 2009-njy ýylda general-maýor derejesi bilen Jemgyýet howpsuzlygy ministrliginiň baş howpsuzlyk müdirliginiň başlygy wezipesine bellendi. 2010-njy ýylyň awgust aýynda To Lam jemgyýetçilik howpsuzlygy ministriniň orunbasary boldy, 2016-njy ýylyň aprelinde bolsa ministr boldy. 2019-njy ýylyň başynda To Lam goşun generaly derejesine eýe bolup, Wýetnam döwlet howpsuzlyk edaralarynyň taryhynda bu ýokary harby derejäni eýelän dördünji adam boldy. Şu ýylyň maý aýynda To La Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti saýlandy. Bu wezipäni eýelän Wo Wan Thyong mart aýynda Wýetnamyň Prezidenti we beýleki eýeläýän wezipelerinden çekilenden soň, döwlet Baştutanynyň wezipesi boş galypdy.