Şotlandiýada 27 gektar meýdany bolan adam-garasyz Fladda Çuaýn adasy Keramatly Kolumbanyň ybadathanasynyň galyndylary bilen birlikde 190 müň funt sterlinge satuwa çykaryldy. Gozgalmaýan emläk satuwynyň web sahypasynda Skaý adasyna hem golaý bolan bu adanyň baý halk döredijiligi we taryhy ýadygärlikleri bilen tanalýandygyny bellenýär. Irlandiýanyň mifologiýasynda ol ebedi ýaşlygyň adasy we hemişe tomus bolup durýan, Günüň hiç haçan ýaşmaýan mukaddes ýeri hasaplanýar.
Keramatly Kolumbanyň VI asyrda adada guran ybadathanasynyň galyndylary henizem günbatar tarapynda saklanyp galypdyr. Rowaýatlarda balykçylaryň amatly ýelleriň öwüsmegini we awuň ganly bolmagyny dileg edip, kiçijik buthananyň altaryndaky “aglaýan” daşyň üstüne deňiz suwundan üç gezek guýandyklary barada aýdylýar. Fludda Çuaýn, wikingleriň baran ýeri hökmünde meşhurdyr. XIX asyrda bu ýerde XI asyra degişli altyn ýüzük tapyldy. Häzir ol Şotlandiýanyň milli muzeýinde saklanýar.
Şeýle hem, Fladda Çuaýn her hili üýtgeşik ýabany tebigaty bilen özüne çekýär. Bu sebitde dürli guşlar ýaşaýar, suwlarynda bolsa delfinleri, deňiz doňuzlaryny, akulalary, kitleri, we gunduzlary görmek bolýar. Adada kiçiräk bir jaý hem gurup bolar, ýöne munuň üçin degişli edaralaryň ygtyýarnamasy gerek. Fladda Çuaýnyň töweregindäki suwlaryň astynda gark bolan köp sanly gämiler bar. Bu ýeriň ýelkenli sport we suwasty ýüzüş üçin amatly ýerdigi habar berilýär.