Hytaýda ýylyň birinji ýarymynda durmuş gurýanlaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 göterim azaldy. Şeýle pes görkezijiniň ýylyň galan böleginde hem dowam eden ýagdaýynda 2024-nji ýylyň dowamynda goş birikdirenleriň sanynyň 6 million töweregi boljakdygy bellenilýär. Ýurduň raýatlyk işleri ministrliginiň maglumatlaryna görä, alty aýda 3 million 43 müň jübüt nikalaşypdyr. Ýylyň ikinji çärýeginde nikalaşanlaryň sany 1 million 46 müň bolup, bu görkeziji birinji çärýekdäkiden 26 göterim az bolupdyr.
Geçen ýurtda 7 million 68 müň jübüt goş birikdiripdir. Bu görkeziji 2016-njy ýylda 11 million 33 müň eken.
Hytaýyň ilaty 2022-nji ýyldan başlap azalyp başlapdy. Ýurduň gury ýer bölegindäki ilaty 2022-nji ýylda 1 milliard 411 million bolan bolsa, geçen ýyl 1 milliard 409 milliona düşüpdi.
Ýurt 1980-nji ýyllarda maşgalalaryň birden köp çaga edinmeklerini çäklendiripdi. 2016-njy ýylda ikinji, 2021-nji ýylda üçünji çagany edinmäge rugsat berlen hem bolsa, çaga dogluşynyň azalyşy dowam etdi.