To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi gy­zyk­ly we gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Mäh­ri­ban ça­ga­lar, kö­pi­ňiz dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç alan bol­sa­ňyz ge­rek. To­mus­ky dynç al­şyň soň­ky aýyn­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de dynç al­ýan­la­ry­ňyz hem bar­dyr. Ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra, wa­ka­la­ra baý to­mus­ky dynç alyş­da tä­ze zat­la­ry öw­re­nen­si­ňiz, dür­li oýun­la­ra güý­me­nip, tä­ze dost tutunansyňyz. Eý­sem, tä­ze tu­tu­nan dost­la­ry­ňyz ýa-da jo­ra­la­ry­ňyz bi­len go­wy ­gat­na­şyk­da bol­mak is­le­ýä­ňiz­mi? Mu­nuň üçin kä­bir şert­le­re üns ber­me­li. Hü­när­men­ler dost­la­ryň bi­len ýa­kyn ­gat­na­şyk­da bol­mak üçin şu mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler:
Me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­lar. Dost­la­ryň bi­len her aý öňün­den bel­le­şi­len gün­de gör­şüp, söh­bet et­me­li. Du­şu­şy­gy se­ýil­gäh­de ge­ze­lenç et­mek, bi­le­lik­de çaý iç­mek ýa-da on­laýn usul­da hem gu­rap bo­lar. Eger-de dos­tu­ňyz bi­len ýa­kyn ýer­de ýa­şa­ýan bol­sa­ňyz, öýü­ňi­ze ça­gy­ryp hem bi­ler­si­ňiz. Dost­la­ryň bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan gö­rüş­mek berk we do­wam­ly bag­la­ny­şy­gy dö­red­ýär. Şeý­le hem si­ziň akyl we be­den taý­dan ka­da­ly ös­me­gi­ňi­ze ýar­dam ed­ýär.
Hep­de­lik jaň­lar. Dos­tuň bi­len ýüz­be-ýüz gö­rüş­mek iň go­wu­sy, ýö­ne ara­lyk uzak bol­sa, hep­de­de bir ge­zek jaň­la­şyp, hal-ýag­daý so­raş­ma­ly. Dost­la­ry­ňyz bi­len jaň­laş­mak üçin se­ne­na­ma ýat­lat­ma­sy­ny hem dü­züp bi­ler­si­ňiz. Kä­te okuw, öý iş­le­ri, sport tür­gen­le­şik­le­ri ýa-da okuw kurs­la­ry bi­len ba­şa­gaý bo­lup, dost­la­ry­ňyz bi­len ha­bar­laş­ma­ga wag­ty­ňyz hem bol­man bi­ler. Şeý­le ýag­daý­da dost­la­ry­ňy­za sms ha­ba­ry­ny ug­rat­ma­ly. Be­gen­di­ri­ji, gol­daw be­ri­ji söz­ler si­zi dost­la­ry­ňyz bi­len has-da ys­nyş­dy­rar. Özü­ňi­zi ru­hy taý­dan has go­wy duý­ma­gy­ňy­za ýar­dam eder.
Ýan­dep­der­çe tutmak we sa­naw düz­mek. Dost­la­ry­ňy­zyň ady­ny, sal­gy­sy­ny we te­le­fon bel­gi­si­ni ýa­zyp, sa­naw dü­züň! Müm­kin bol­sa, dost­la­ry­ňyz üçin ýan­dep­der­çe tu­tuň! Ýan­dep­der­çä­ňi­ze dost­la­ry­ňyz ba­ra­da­ky ýat­la­ma­la­ry­ňy­zy, gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ňi­zi ýa­zyň! Aý­lar-ýyl­lar ge­çen­den soň ýan­dep­der­çä­ňi­zi açyp oka­ny­ňyz­da dost­la­ry­ňyz ba­ra­da­ky ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry­ňy­za be­ge­ner­si­ňiz. Umu­man, «Özü­ňi süýt bil, dos­tu­ňy – gaý­mak» diý­li­şi ýa­ly, dost­la­ry­ňy­za hor­mat go­ýup, ola­ry ga­dyr­laň! Dost­la­ry­ňyz bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan ha­bar­la­şyp, hal-ýag­daý­la­ry­ny so­raň!