Hytaýyň Adam resurslary we sosial üpjünçilik ministrligi täze 19 hünäriň ykrar edilendigini habar berdi. Täze hünärleriň köpüsi sanly ykdysadyýet we innowasiýa pudaklary bilen baglanyşykly bolup, munuň özi bu pudaklaryň ýokary depgin bilen ösýändigini görkezýär.
Täze hünärleri tassyklamak işi geçen ýylyň ahyrynda başlandy, ýöne gutarnykly sanaw ýakynda çap edildi. Täze hünärleriň içinde onlaýn-strimer, akylly awtoulagy sürüjisi, emeli aň programmalary boýunça hünärmen, bioinženerçilik boýunça tehnik, akylly önümçilik ulgamlarynyň dolandyryjysy we beýlekiler bar.
Ministrlikde täze hünärleriň döredilmeginiň iş ýerleriniň, hünär biliminiň we okuwyň ösmegine çynlakaý täsirini ýetirýändigini tassykladylar. Şeýle hem, bu işgärleriň zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyryp, iş bilen üpjünçiligi we telekeçiligi ösdürip biler.
Ýurduň habar beriş serişdeleri täze hünärleriň ykrar edilmeginiň adamlaryň iş ýerlerinde tejribe duýgusyny ýokarlandyryp, milli syýasatyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagyna mümkinçilik döredip biljekdigini habar berýär. Maglumatlarda, ýurtda zähmet bazaryna ep-esli täsirini ýetirýän onlaýn-strimer hünäriniň has-da ösdürilýändigi bellenilýär.