Dubaýyň Hökümetiniň Adam gorlaryny dolandyrmak boýunça departamenti dört günlük iş hepdesini girizmek boýunça synaglara 15 sany döwlet edarasyny saýlap aldy. Şeýle hem, bu edaralaryň işgärleriniň iş gününiň dowamlylygyny ýedi sagada çenli azaltmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Emirligiň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
12-nji awgustda girizilen synag 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Bu döwürde synag taslamasyna gatnaşýan edaralaryň işgärlerine doly aýlyk tölener. “Biziň çeýe tomsumyz” diýip atlandyrylan Hökümetiň başlangyjy diňe döwlet işgärlerine degişli bolup, bu synaga hususy pudagyň kompaniýalary gatnaşmaýar.
-Adam gorlaryny dolandyrmak boýunça departament tarapyndan öňdebaryjy halkara tejribelerine, şeýle-de biziň çeýe iş gurşawyny döretmek baradaky tagallalarymyza laýyk gelýän “Biziň çeýe tomsumyz” başlangyjy ýola goýuldy. Bu başlangyç, döwlet işgärlerine öz işiniň hem-de şahsy durmuşynyň deňagramlylygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Bu meýilnama işgärleriň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga we döwlet gorlaryny oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilendir – diýip, departamentiň başlygy Abdullah Ali bin Zaýed al-Falasi aýdýar.
30-njy sentýabrdan soň departament synagyň netijelerini seljerer. Bu bolsa, dört günlük iş hepdesiniň netijeliligini anyklamaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, departament başlangyjy giňeltmek ýa-da döwlet edaralarynyň iş tertibine başga üýtgeşmeler girizmek boýunça degişli teklipleri taýýarlaýar.