1981-nji ýylyň 12-nji awgustynda IBM (International Business Machines) kompaniýasy ilkinji mikrokompýuterini tanyşdyrýar. Kompaniýanyň inženerler topary tarapyndan taýýarlanan kompýuter 1 müň 565 dollardan (2023-nji ýyldaky hümmeti 5 müň 540 dollar) satuwa çykarylýar. Şol döwürler o diýen köp öndürijiniň bolmadyk şahsy kompýuter bazarynda Apple”-iň “Macintosh” kompýuterleri öňdeligi eýeleýärdi. Ondan öň uly göwrümli biznes maksatly kompýuterleri öndürmegi bilen tanalýan IBM-iň şahsy kompýuteri täze dizaýn standartlaryny girizýär.
Bu kompýuterden ilkinji iki ýylda 750 müňden gowragy öndürilýär. 1987-nji ýylda kompýuteriň önümçiligi ýatyrylýar. Şol ýyllar şahsy kompýuterleriň önümçiligi ýaýbaňlanyp başlaýar. 1990-njy ýylda internetiň peýda bolmagy bilen bolsa, kompýuter tehnologiýasy has-da ösýär.