Hytaýda howasyz giňişlikde, ýagny wakuum tunnelinde hereket edýän ulag synagdan geçirildi. Iki kilometr aralykda geçirilen synagda ýokary tizlikli otly howpsuz we durnukly hereketi görkezdi. Ýokary geçirijili magnitler bilen işleýän magnitoplan Şansi welaýatynda gurlan üsti ýapyk ýolda synagdan geçirildi. Hytaý Aerokosmiki Ylym we Senagat Korporasiýasy (CASIC) tarapyndan geçirilen synaglar netijesinde otlynyň pes wakuum şertlerinde hereket etmek, durmak we bat almak ukyplaryny açyp görkezmek bilen, geljekde bu ulagyň tizligini sagatda 1000 kilometre ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurduň meşhur şäherleri bolan Şanhaý bilen Pekiniň arasyndaky syýahat wagtyny häzirki 4 sagatdan 1,5 sagada çenli azaldar. Howasyz tunnel atmosfera basyşyny azaldyp, ulagyň has ýokary tizlikde hereket etmegine mümkinçilik berýär.
Şeýle taslamany ilkibaşda amerikan işewüri Ilon Mask öňe sürüpdi.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.