1898-nji ýylyň 13-nji awgustynda nemes astronomy Karl Gustaw Witt ilkinji gezek Ýere ýakyn “433 Eros” asteroidini açýar. Ululygy 16,8 kilometre barabar bolan bu asman jisimi planetamyzyň golaýyndaky ikinji uly asteroiddir. Soňra asman jisiminiň ady grek mifologiýasynda söýginiň hudaýy hasaplanýan Erosyň ady dakylýar. Mars bilen Ýeriň aralygynda aýlanýan bu asman jisimine 1998-nji ýylda NASA tarapyndan “NEAR Shoemaker” atly emeli hemra iberilýär