1893-nji ýylyň 14-nji awgustynda Fransiýada dünýäde ilkinji bolup motoulaglar (motorly ulag – maşyn) üçin döwlet belgisi (hasaba alyş belgisi), şeýle hem sürüjilik şahadatnamasy (awtoulag sürmäge ukybynyň bardygy hakynda şahadatnama/certificat de capacité de conduit d’un véhicule moteur) tanyşdyryldyr. Şol gün Parižiň polisiýa bölümi ilkinji gezek tizlik çäklendirmesini hem girizdi. Düzgüne görä, sürüjiler awtoulaglaryny sagatda 20 kilometr, ilatly ýerlerde bolsa, 12 sagatda kilometr tizlikden ýokary sürmeli däldiler. Mundan başga-da sürüjiler üçin synag hem girizildi. 1989-njy ýylda bu düzgünler ýurduň bütin çäginde güýje girýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Taryhda şu gün Awtoulaglar üçin ilkinji döwlet belgisi, sürüjiler üçin ilkinji synag