Efiopiýa paýtagt Addis-Abebanyň golaýynda 6 milliard dollar bahasy bolan Afrika yklymynda iň uly halkara howa menzilini gurmak kararyna geldi. “Fana” teleradiostansiýasynyň maglumatlaryna görä, howa menzili ýylda 100 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Afrikanyň iň uly we iň çalt ösýän awiakompaniýasy “Ethiopian Airlines” Efiopiýanyň täze howa menziliniň dizaýnyny işläp düzmek maksady bilen DAR halkara konsalting topary bilen özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekdi.
“Ethiopian Airlines” toparynyň baş direktory Mesfin Taseunyň sözlerine görä, toplumyň meýdany 35 inedördül kilometr bolar. Howa menzili ýurduň paýtagtyndan 17 kilometr uzaklykda ýerleşýän şypahana şäheri Bişoftunyň golaýynda bäş ýylda bina ediler. Şeýle hem DAR ägirt uly gurluşyk taslamasy üçin kärendeçileri saýlar.
Awiakompaniýanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, täze halkara howa menzili birinji tapgyrda ýylda 60 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendir we ikinji tapgyrynyň tamamlanmagy bilen kuwwaty 100 milliona adama ýeter. Howa menziline bir wagtda 4 laýner gonup biler. “Ethiopian Airlines”-iň häzirki howa menzili ýylda 20 million ýolagçy kabul etmäge ukyply.
DAR-yň baş direktory Tarik al-Kanni täze howa menziliniň Afrikada iň uly aeroport boljakdygyny we “ultra-modern” dizaýnynda ýerine ýetiriljekdigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu taslama “Ethiopian Airlines” howa ýollaryna dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň 10-lugyna girmäge mümkinçilik berer.