Ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmekde öňdeligi eýeleýän Saud Arabystany ýene bir täze taslamany, ýagny 2029-njy ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin emeli köl we dynç alyş merkezini döredýär. Ýurdy ösdürmek boýunça gullugy NEOM uzynlygy 2,8 kilometre ýetjek emeli köl döretmek işlerini alyp barýar. Bu täsin taslama akaba aýlagynyň kenaryndan 50 km uzaklykda we 1500-den 2600 metre çenli belentlikdäki daglyk ýerlerde ýerleşýär. Ýakyn geljekde gurluşygy tamamlanjak taslama 2029-njy ýylda geçiriljek Aziýa gyş oýunlaryna taýýarlyk işleriniň bir bölegidir. Şeýle hem ol ýerde Aziýa oýunlaryndan soň dynç alyş merkezi bolar. Bulardan başga-da kölüň kenarlarynda kaşaň myhmanhana, ýaşaýyş jaýlary restoranlar, şeýle hem dürli çäreler üçin konferensiýa zalyny gurmak meýilleşdirilýär. “Naked Science”-yň habaryna görä, taslamany bellenen möhletde tamamlamak üçin işler üznüksiz derejede alnyp barylýar.

Mährem BABAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy