Saud Arabystanynyň “Magnom Properties” kompaniýasynyň golçur senagat topary “Rawabi Holding” 2025-nji ýylyň başynda Müsüriň täze paýtagtynda 55 gatly binanyň gurluşygyny başlamagy meýilleşdirýär. Gökdirän, esasan, suwuklandyrylan arassa wodorod ulanmak arkaly elektrik energiýasy bilen üpjün ediler. Taslamanyň bahasy 1 milliard dollara deň. Ol durnukly ykdysadyýetiň, durmuşyň we önümçiligiň nusgasy bolar. Taslamany durmuşa geçirmek baradaky çarçuwaly karara 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) 53-nji maslahatynda gol çekildi.
Gökdiräniň sargytçysy “Forbes” media toparydyr. Taslama “Forbes International Tower” diýlip atlandyryldy. Bu “Forbes”-iň ilkinji täjirçilik maksatly diňi bolar. Media topary birnäçe ýyl ozal Kairiň gündogarynda gurlup başlanan Müsüriň täze administratiw paýtagtynda ofisleri kireýine berip, gazanç etmäge bil baglaýar.
Gökdiräniň fasadyna oturdyljak Gün panelleri onuň elektrik energiýasyna bolan zerurlygyny 25 göterim üpjün eder. Elektrik energiýasynyň galan bölegi bina berilýän wodoroddan alynar. Bu “Magnom Properties” üçin täsirli synag bolar. Soňra bu taslama laýyklykda, Dubaýda we Er-Riýadda şuňa meňzeş binalry gurmak meýilleşdirilýär.
Binada iki sany ýokary tizlikli VIP lift we üçekde dikuçar meýdançasy bolar. Howpsuzlyk bolsa, fiziki we kiber hüjümleriniň öňüni alyş ulgamlary bilen üpjün ediler. Gökdirände awtomatlaşdyryş, emeli aň, ofis giňişligini guramaga täzeçe çemeleşmeler we beýlekiler babatda iň gowy enjamlar ornaşdyrylar. Deňeşdirmek üçin, bu ýerde 20 töweregi şuňa meňzeş diň Hytaý kompaniýalary tarapyndan gurlup, oňa Müsüriň häkimiýetlerine bary-ýogy 3 milliard dollar çykdajy etdi. Binanyň jikme-jik dizaýny Çikagonyň AS + GG binagärlik toparyna we “Gordon Gill Architecture” kompaniýasyna ynanyldy. Desganyň gurluşygyny 2025-nji ýylyň başynda başlap, 2030-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.