Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlarynyň ilaty şu ýylyň başynda 449,2 milliona deň bolup, ondan bir ýyl ozal, 447,6 milliondy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň statistika gullugy habar berdi.
Netijede, COVID-19 pandemiýasy döwründe hasaba alnan pese gaçyşlykdan soňra, Ýewropada ilat sany iki ýyl bäri artýar. 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ilaty, takmynan, 0,5 million, 2021-nji ýylda bolsa, 0,3 million azalypdyr.
Ilatyň soňky döwürde artmagynyň sebäbiniň, esasan, göçüp barýanlaryň köpelmegi bilen baglydyr. Şeýlelikde, ilatyň tebigy azalmagynyň öwezini migrasiýa dolýar. Statistika laýyklykda, şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Germaniýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň ýaşaýjylary Ýewropa Bileleşiginiň umumy ilatynyň ýarysyna golaýyny (47 göterim) emele getirdi.
Maglumatlara görä, geçen ýyl Ýewropa Bileleşigine agza ýedi ýurtda ilat azalypdyr. Bu esasan hem, Polşada (132,8 müň adam), Gresiýada (16,8 müň adam) we Wengriýada (15,1 müň adam) hasaba alnypdyr. Ilatyň sanynyň has köp ýokarlanmagy bolsa, Ispaniýada (525,1 müň adam), Germaniýada (330 müň adam) we Fransiýada (229 müň adam) hasaba alnypdyr.