Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. Pa­riž köp ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän şä­he­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Olim­pi­ýa oýun­la­ry döw­rün­de bol­sa, şä­he­riň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň sa­ny has-da art­dy. Oýun­la­ryň baş­lan il­kin­ji hep­de­sin­de şä­he­re ba­ran myh­man­la­ryň sa­ny 42 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Myh­man­la­ryň köp bö­le­gi­ni ame­ri­kan­lar eme­le ge­ti­rip­dir. Bu ýurt­dan Pa­ri­že ge­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 72 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Bu ba­ra­da 11-nji aw­gust­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­syn­dan soň­ra ula­ny­jy­la­ry­nyň ama­la aşy­ran söw­da­la­ry­na sal­gy­la­nyp, «Visa» tö­leg ul­ga­my ha­bar ber­ýär. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­en beý­le­ki şä­her­lerin­de myh­man­la­ryň sa­ny kö­pe­lip­dir. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny Lill­de 188, Sent-Et­ýen­de 150 we Mar­sel­de 48 gö­te­rim ar­typ­dyr. Ýur­da ge­len «Visa» kart ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny ha­sa­ba al­nan­da, La­tyn Ame­ri­ka­syndan we Ka­rib se­bi­tin­den ge­len­ler 62 gö­te­rim, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­den ge­len­ler 57 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Ang­li­ýa­ly­lar 53 gö­te­rim, ger­ma­ni­ýa­ly­lar 53 gö­te­rim ar­typ­dyr. Myh­man­la­ryň aglabasy res­to­ran­lar­da has köp pul so­wup­dyr­lar. «Visa»-nyň Ýew­ro­pa bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy Şar­lot­te Hogg soň­ky üç ýyl­da Pa­riž 2024-iň Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da oýun­la­ryň ge­çi­ril­ýän şä­her­le­rin­de aý­ra­tyn tö­leg to­ru­nyň dö­re­di­lip, olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän 32 we 16 pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän 16 des­ga­syn­da je­mi 3 müň 500 söw­da no­ka­dyn­da gal­ta­şyk­syz tö­le­giň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

Oraz­my­rat Nur­my­ra­dow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.