Çaga wagtyňdan başlap ýatýan otagyňy, geýim-gejimleriňdir okuw esbaplaryňy tertipli hem-de arassa saklamagy öwrenmek esasy talaplaryň biri bolup durýar. Esasan hem, egin-eşikleriňi ýerbe-ýer saklamagy endik etmeli. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, egin-eşikdir gündelik ulanýan serişdeleriň saklanýan şkafy tertiplemekden başlamaly. Eýsem, zatlaryň ýerbe-ýer durmagy üçin şkafy nähili tertiplemeli?
Ilki bilen şkafyň içini boşatmaly hem-de ähli ýerini mazaly arassalamaly. Tekjelerden, asgyçlardan başlap, şkafyň gapylaryna we tutawaçlaryna çenli süpürmeli. Soňra egin-eşikleriňi gözden geçirip, geýmejekleriňi bir gyra aýyrmaly. Kiçelen ýa-da reňkini halamaýan geýim-gejimleriňi jigileriňize hem berip bilersiňiz. Soňra egin-eşikleriňi şkafa ýerleşdirmezden ozal, möwsüme görä bölmeli. Mysal üçin, ýazda geýilýän ýeňil eşikleri bir tekjede, gyşyna geýilýän galyň egin-eşikleri başga bir tekjede, köplenç geýmegi halaýan eşikleriňizi bolsa, elýüzräkde ýerleşdirmeli. Eger-de egin-eşikleriňiz şkafa ýerleşmeýän bolsa, möwsüme görä geýýän eşikleriňizi ýerleşdirip, galanyny öýüň ammar otagyna äkitmeli. Şkafy tertipleýän wagtyňyz «Bu-da gerek bolar, muny hem ulanaryn» diýen pikiri kelläňizden çykarmaly. Eger şeýtmeseňiz, artykmaç zatlaryňyzdan dynyp bilmersiňiz. Şeýle hem birnäçe gezek geýlen egin-eşikleri geýilmedik eşiklere goşmaly däl. Ýuwdurylan eginbaşlary ilki ütükläp, soňra bölümlere görä şkafa ýerleşdirmeli.
Şkafy ýerbe-ýer edýän wagtyňyz egin-eşikleri reňkine we görnüşine görä bölmeli. Käwagt geýýän eginbaşlaryňyzy aýratyn tekjede goýmaly. Köýnekleriň, ütüklenen egin-eşikleriň hersini aýratynlykda asgyja ildirip, şkafa ýerleşdirmeli. Şeýlelik bilen, şahsy zatlaryňyz göze has-da ýakymly görner. Şaý-seplerdir, saça ideg edilýän serişdeleri, kosmetik önümleri ýörite gutujyklara salyp, şkafyň kiçijik çekmelerine goýmaly. Jorapdyr beýleki ownuk-uşak serişdeleri hem beýleki kiçijik çekmelere ýerleşdirmeli. Geýmeýän aýakgaplaryňyzy hem öz gutularyna salyp, möwsüme görä toparlap, aşaky çekmelere salmaly. Okuw esbaplarydyr, beýleki serişdeleri geýim-gejim saklanýan şkafa salmakdan saklanmaly. Okuw esbaplaryny öý işini ýerine ýetirýän stoluňyzda tertipläp goýmaly. Umuman, şkafy hepdede, azyndan her aý tertipläp durmak şahsy arassaçylyk üçin derwaýysdyr. Öýüň, şkafyň tertipli durmagy hem medeniýetiň, hem-de siziň arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändigiňiziň nyşanydyr.