Beýik Seljuk döwletiniň ilkinji hökümdary, görnükli serkerde Muhammet Togrul beg taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň biri hökmünde tanalýar. Onuň gaýduwsyz hem-de öňdengörüjilikli serkerdelik başarnyklary netijesinde, Seljuk türkmenleri garaşsyz döwlet gurupdyrlar. Beýik serkerde 1040-njy ýylda tagta çykyp, döwleti 23 ýyllap dolandyrypdyr. Onuň döwründe türkmenler bir agza bakyp, agzybir ýaşap, gowy işlerde özlerini tanadypdyrlar, birnäçe ýerlere agalyk edipdirler. Togrul beg zamanynda döwlet dolandyrylyşy adalatly alnyp barlypdyr. Nähak ýere gan dökmek, diýdimzorluk, zalymlyk, eden-etdilik ýaly ynsanperwerlik düşünjelerine ters gelýän häsiýetler Togrul begiň şahsyýetinde gabat gelmändir. Togrul beg örän paýhasly, adalatly, mylakatly, elaçyk, şol birwagtda-da gaýduwsyz hem-de edermen serkerde bolupdyr. Ol eýelän şäherlerinde ilata azar bermändir, bir bina-da ýykmandyr, tersine diňe täze binalary gurdurypdyr.
Seljuk döwletiniň gurulmagy bilen Nişapur paýtagt diýlip, yglan edilipdir. Soňra paýtagt derejesi Reý şäherine geçirilipdir. Togrul begiň zamanynda seljuklaryň binagärçilik sungatynyň özboluşly aýratynlyklary ýüze çykyp başlapdyr. Muňa şol döwürden galan ençeme ýadygärlikler hem şaýatlyk edýär. Şol ýadygärlikleriň biri hem Togrul begiň aramgähidir. Togrul begiň mawzoleýi 1000 ýyllyk taryha eýe bolmak bilen, ol özüniň durkuny şu wagta çenli saklap gelen seýrek ymaratlaryň biridir. Beýik serkerdäniň taryhyň sahypalarynda galdyran at-abraýy, ynsanperwerligi, edermenligi bilen bir hatarda, onuň şanyna laýyk gurlan aramgähi hem biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Aramgäh döwrüniň binagärçiligi bilen deňeşdirilende özüne mahsus sungatynyň aýratynlygy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Togrul begiň mawzoleýi Eýranyň paýtagty Tähran şäheriniň ýanyndaky gadymy Reý şäherinde ýerleşýär. Bu ýadygärlik Eýranyň döwlet goraghanalarynyň düzümine girizilipdir.
Togrul begiň mawzoleýi 3 müň inedördül metr meýdanly bagyň içinde 100 inedördül metrlik ýeri eýeleýär. Binanyň beýikligi 22 metrdir. Onuň içki radiusy 13 metrlik, daşky radiusy 16 metrlik konus şekilinde gurlupdyr. Konusyň daşky diwarynda perde şekilli 24 sany üçburç sütün ýerleşdirilipdir. Daşky diwarda oturdylan sütünler ýöne ýerden goýulmandyr. Olar gündiz Günüň bar mahaly sagadyň wagtyny görkezýär. Arheolog alymlar “Irden Günüň dogmagy bilen mawzoleýiň demirgazyk tarapyndaky gapysyndan Gün şöhleleriniň sütünlere düşýän kölegesiniň sany sagadyň näçedigini görkezýär. Bu bolsa, aramgähiň örän ylmy esaslara daýanylyp gurlandygyna şaýatlyk edýär” diýip belleýärler. Aramgähiň diwarynyň iç tarapynda 193 sany içi boş gutular gurlupdyr. Bu gutular kümmetiň içinde sesiň akustikasynyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Ýagny, binanyň merkezinde durup gürleýän adamyň sesi, binanyň ähli ýerinde şol bir äheňde eşidilýär.
Togrul begiň mawzoleýiniň demirgazyk hem-de günorta tarapynda gapy bar. Demirgazyk tarapda oturdylan gapynyň iç ýüzünde ýolbarsyň sudury ýerleşdirilipdir. Bu täsin sudur mawzoleýe giren badyňa gözüňe ilýär. Alymlaryň umumy pikirine görä, Togrul begiň gubyry mawzoleýiň günorta böleginde ýerleşýär. Mawzoleýiň günorta tarapdaky gapysynyň üstünde gajar hökümdary Nasreddin şa (1848-1896) döwründe rejeleýiş işleriniň geçirilendigi baradaky ýazgy bar. Mawzoleý orta asyr binagärçilik sungatynyň içinde görenleri haýran galdyrýan ymaratlaryň hataryndadyr. Bu binada beýleki Seljuk soltanlarynyň mawzoleýlerinde gabat gelinmeýän aýratynlyklar ünsüňi özüne çekýär. Esasan hem binanyň gümmezsiz konus şekilinde gurulmagy hem aýratyn orna eýedir. Binanyň dünýäniň taryhçylarynyň ünsüni çekýän ajaýyplygy bolsa, onuň sagadyň wagtyny görkezýänligindedir.
Gurluşygynda ulanylan bişen kerpiçleriň tekiz goýlandygy ymaratyň asyrlaryň dowamynda sarsman durmagyna öz täsirini ýetiripdir.
Mongol basybalyşlary döwründe weýran edijiler Togrul begiň mawzoleýine-de zeper ýetiripdirler. Muňa garamazdan, 80 kümmetiň arasynda diňe şonuň ýykylman galandygy diýseň täsindir.
Aziz Hasanow,
Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Harby
institutynyň mugallymy, uly leýtenant.