Ge­çen ýyl «Ti­me» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan «Ýy­lyň ada­my» saý­la­nan hem-de soň­ky wagt­lar­da dün­ýä ýurt­la­ryn­da ber­ýän kon­sert­le­ri bi­len ta­nal­ýan Teý­lor Swift pop aý­dy­my­nyň şa­sy Maýkl Jek­so­na de­giş­li re­kor­dy tä­ze­le­di. Go­laý­da ýaş aý­dym­çy­nyň Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da­ky kon­ser­ti­ne to­ma­şa et­mä­ge 92 müň adam ýyg­nan­dy. Swift tom­suň ba­şyn­dan bä­ri bu sta­di­on­da 8 ge­zek kon­sert ber­di. Şeý­le­lik­de, ol kon­sert ber­mek üçin ed­ýän sy­ýa­ha­ty­nyň çä­gin­de bu ýer­de iň köp çy­kyş eden aý­dym­çy bol­dy. Mun­dan ozal 1988-nji ýyl­da Maýkl Jek­son «Bad» at­ly kon­sert tu­ru­nyň çä­gin­de «Wemb­ley»-de 7 ge­zek kon­sert be­rip­dir.
Swift mun­dan ozal hem bir­nä­çe re­kor­dy tä­ze­läp­di. Aý­dym­çy­nyň dün­ýä ýurt­la­ryn­da be­ren kon­sert­le­rin­den dö­re­di­len «Tay­lor Swift: The Eras To­ur» at­ly fil­mi 261,6 mil­li­on dol­lar kas­sa ýy­gy­my­ny ga­za­nyp­dy. Şeý­le­lik­de, bu film iň köp gir­de­ji ge­ti­ren do­ku­men­tal kon­sert bo­lup­dy. Maýkl Jek­so­nyň 2009-njy ýyl­da pro­ka­ta çy­kan «This Is It» at­ly kon­sert fil­mi 181,9 mil­li­on dol­lar gir­de­ji alyp­dy.