Ekologlaryň çaklamalaryna görä, howanyň ýagdaýynyň yzygiderli üýtgäp durmagy 2050-nji ýyla çenli kakao agaçlarynyň ýok bolmagyna getirip biler. Alymlar dürli süýji önümleriniň esasy çig maly bolan kakao agaçlarynyň ýok bolmak ähtimallygynyň öňüni almak barasynda ylmy barlag işlerini alyp barýar. ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary hem-de dürli şokolad önümlerini öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Mars” şokolad agajynyň hasyllylygyny saklap galmaga girişdi.
Munuň üçin ýokary okuw mekdebiniň ösümlikleri öwrenýän bölüminiň müdiri Maýo-Je Çonyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary CRISPR tehnologiýasy arkaly kakao agajynyň DNK gurluşyny öwrenip, olaryň yssy howa şertlerinde-de ösdürilip ýetişdirilmegini gazanmagy maksat edinýär. Bu barada “The Business Insider” neşiri habar berýär.
Häzirki wagtda alymlar konditer önümlerini öndürýän kompaniýalar bilen bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Neşiriň bellemegine görä, kakao agaçlarynyň köp bölegi Günbatar Afrikanyň iki ýurdy – Şyrmaýy kenar Respublikasynda (Kot-d’Iwuar) hem-de Ganada ýetişýär. Ösümligiň bu görnüşi üçin hemişe howanyň maýyl hem-de çyglylygyň durnukly bolmagy zerur. Umuman, olar ýagyşly tokaýlarda köp ösýär.
Ýöne, çaklamalara görä, howanyň üýtgemegi bilen sebitde ygalyň möçberi azalýar we ol hem bu agaçlaryň ýetişdirilýän plantasiýalaryna öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin alymlar birnäçe ýyldan bäri dürli howa şertlerine çydamly kakao agaçlaryny döretmek babatda iş alyp barýarlar.