Rumyniýada 120 metr çuňlukda ýerleşýän ýerasty seýilgäh her ýylda 680 müň töweregi myhman kabul edýär. «Salina Turda» atly bu gowakdan irki döwürlerde duz çykarylypdyr. Seýilgähiň içinde onuň ähli ýerini synlamaga mümkinçilik berýän aýlanýan çarh, çagalar üçin oýun meýdançasy, kiçi golf meýdançasy, bowling meýdançasy we beýlekiler bar. Bu bolsa, bu ýere gelýän dürli ýaşdaky adamlaryň medeniýetli dynç almagyna mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da, gaýykly gezelenç etmek üçin köl, 180 orunlyk amfiteatr bar. Dünýäniň iň täsin syýahatçylyk nokatlarynyň biri hasaplanýan ýerasty seýilgähe giriş tölegli.
Şasenem ALLABERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň mugallymy.