Ispaniýada 1945-nji ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynda “La Tomatina, ýagny pomidor festiwaly geçirilýär. 77-nji gezek geçirilen şu ýylky şüweleňde 120 tonna pomidor ulanyldy. Ýurduň gündogaryndaky Walensiýa sebitiniň Bunol etrabynda geçirilen festiwala gatnaşanlar bir-birlerine pomidor zyňyşdylar. Festiwaly giriş tölegli bolup, bahasy 15 ýewro. Ozalky ýyllardakydan tapawutlylykda VIP myhmanlar üçin 500 ýewrolyk biletler hem satyldy. Awgust aýynyň soňky çarşenbesinde geçirilýän festiwal 2002-nji ýylda Ispaniýanyň Syýahatçylyk ministrligi tarapyndan “halkara derejede syýahatçylyk gymmaty” bolan çäre diýlip kabul edilipdi.