1-nji sentýabrda Azerbaýjanda geçirilen parlament saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, ýurduň Prezidenti Ilham Alyýewiň partiýasy köplügini saklady. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, saýlawlara saýlawçylaryň diňe 37 göterimi gatnaşdy.
Azerbaýjanyň Merkezi Saýlaw geňeşi, býulletenleriň 91 göterimini sanamagyň netijelerine esaslanyp, Alyýewiň “Ýeni Azerbaýjan” partiýasynyň Milli Mejlisdäki (ýurduň bir palataly mejlisinde) 125 ornuň 68-sine eýe bolandygyny habar berdi. Öňki parlamentiň düzüminde “Ýeni Azerbaýjanyň” 68 orny bardy. Beýleki mandatlar, resmi taýdan garaşsyz dalaşgärlere we partiýalara berler.
Şu ýyl Azerbaýjanda geçirilen parlament saýlawlaryna ilkinji gezek Ýewropa Geňeşiniň parlament assambleýasynyň synçylary gatnaşmady. Muňa derek, saýlawlara GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň synçylary gatnaşdy. GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň synçylarynyň wekili, Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň Başlygynyň birinji orunbasary Andreý Ýaskin “saýlaw uçastoklarynda raýatlaryň öz isleglerini beýan etmek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy.
Prezident deputatlaryň islegi bilen iýun aýynyň ahyrynda parlamenti ýatyrdy. Deputatlar saýlawdan öňki kampaniýalaryň paýtagtyň myhmanlaryna päsgel bermezligi üçin şu ýylyň noýabr aýynda Bakuda geçiriljek BMG-niň klimat sammitiniň (COP29) hatyrasyna parlamenti ýatyrdylar. Bu çäre, Azerbaýjanyň dünýädäki abraýy üçin möhüm halkara çäresi hasaplanýar.