Şwe­si­ýa­da dün­ýä­niň il­kin­ji sink-ion ba­ta­re­ýa za­wo­dy gu­rul­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da elekt­ron en­jam­la­ry­nyň tas äh­li gör­nü­şin­de hem-de elekt­rou­lag­lar­da li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­lar ula­nyl­ýar. Em­ma hü­när­men­ler li­tiý gor­la­ry­nyň çäk­li­di­gi we ony gaý­ta­dan iş­le­me­giň gym­ma­da düş­ýän­di­gi se­bäp­li ba­ta­re­ýa ön­dür­me­giň baş­ga usul­la­ry­ny göz­le­ýär­ler. Sink-ion ba­ta­re­ýa­lar bol­sa, ar­zan hem-de daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Sink te­bi­gat­da has köp duş gel­ýär hem-de ony ga­zyp al­mak aň­sat. Mun­dan baş­ga-da, sink gy­zan wag­ty tu­taş­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li ba­ta­re­ýa ön­dür­mek üçin has yg­ty­bar­ly çig mal bo­lup bi­ler. Şeý­le-de bol­sa, bu ba­ta­re­ýa­lar li­tiý ba­ta­re­ýa­la­ra ga­raň­da has az ener­gi­ýa sak­lap bil­ýär. Em­ma sink ba­ta­re­ýa­la­ryň ula­nyş möh­le­ti has uzak. Ýag­ny sink ba­ta­re­ýa­la­ryň ar­tyk­maç we kem ta­rap­la­ry bar. Her ni­çik­de bol­sa hü­när­men­ler ada­ty ba­ta­re­ýa­la­ra al­ter­na­tiw bol­ýan­dy­gy üçin sink ele­men­ti­ni ulan­ma­gyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Mer­ke­zi eda­ra­sy Stok­golm­da ýer­leş­ýän «Ener­po­ly» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de sink ba­ta­re­ýa­la­ry ön­dür­jek il­kin­ji äpet önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gur­dy. Za­wo­dyň gel­jek ýyl önüm­çi­li­ge baş­la­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 2026-njy ýyl­da bol­sa, des­ga­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty has-da art­dy­ry­lar. 6 müň 500 met­re ba­ra­bar ýer­de gur­lan za­wod­da her ýyl­da 100 MW/sa­gat ener­gi­ýa kuw­wa­ty bo­lan ba­ta­re­ýa ön­dü­ri­ler. Sink-ion ba­ta­re­ýa­lar Gün­den we ýel­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň sarp edi­len­den ar­typ ga­lan bö­le­gi­ni sak­lap, elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my ka­da­ly ener­gi­ýa bi­len üp­jün eder.

Ogul­şe­ker AR­BA­BO­WA,
Aş­ga­bat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.