Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrundaky işler halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilýär, ýaş alymlaryň, talyplaryň ylmy-döredijilik işlerini has-da işjeňleşdirmek üçin sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler döredilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipä laýyklykda, ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň netijelerini ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmak maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek, olary çärýekde bir gezek elektron görnüşde türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek maksadalaýyk hasaplanýar. “Filologiýanyň meseleleri” atly elektron žurnalda filologiýanyň nazary-amaly meselelerine, dünýä dilleriniň, şol sanda türkmen diliniň taryhyna, deňeşdirme-degşirme derňewlerine, milli we dünýä edebiýatynyň taryhyna, okatmagyň usulyýetlerine, terjimeçilik işlerine bagyşlanan ýurdumyzyň hem daşary ýurtly alymlaryň, talyplaryň makalalaryny ýerleşdirmek maksat edinilýär. “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly elektron žurnalyň sahypalarynda bolsa ykdysadyýetiň, ykdysady ösüşiň nazaryýetine, innowasion ykdysadyýete, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalary ýerleşdirip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň, talyplaryň tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 6-njy sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.