Argentinaly meşhur derwezeçi Emiliano Martines “Aston Willadan” “Çelsi” toparyna transfer boldy. 34 ýaşyndaky derwezeçiniň transferi üçin “Çelsi” topary birmingemlilere 10 million ýewro tölär. Martines “Çelsi” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol eýýäm täze toparynyň “Braýton” bilen geçiren duşuşygynda meýdança hem çykdy. Londonyň Arsenalynda futbola başlan Emiliano Martines 2020-nji ýyla çenli “Oksford Ýunaýted”, “Şeffild Wenezdeý”, “Roterham Ýunaýted”, “Wulwerhempton”, “Hetafe”, “Reding klublarynda kärendesine oýnady. “Aston Willada” 6 möwsümi tamamlan Martines Argentinanyň ýygyndysynda-da 67 oýunda tangoçylaryň derwezesini gorady.