Tapala Nadamuni atly hindistanly talybyň döreden ululygy bary-ýogy 0,65 sm bolan tozan sorujy, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýlelikde ol 2022-nji ýylda goýlan özünde degişli bolan rekordy 0,2 sm tapawut bilen täzelemegi başardy. Ol bu ugurdaky rekordyny ilkinji gezek 2020-nji ýylda 1,76 sm ululykdaky tozan sorujy bilen goýupdyr. Täze model ýaş talybyň yhlasly zähmetiniň we 50-den gowrak gaýtadan işlenen shemanyň netijesi boldy. Bu tozan sorujy doly göwrümli tozan sorujylar ýaly işleýär, ýagny ol hapany sorýan otrisatel basyşy döretmek üçin elektrik energiýasyny ulanýar. Bu işde esasy kynçylyk tozan sorujylygyň zerur kuwwatyna ýetmek boldy. Ýaş talyp korpus üçin esas hökmünde şarikli ruçkany ulandy we plastikden hem-de metaldan birnäçe elementi goşdy. Bu gurluşyň içinde 4 woltluk wibrasiýa hereketlendirijisi bilen işleýän aýlanýan per bar. 23 ýaşly Topala “Gajetleri döretmek işi meni çagalykdan bäri gyzyklandyrýardy. Men 4 ýyldan soň öz rekordymy täzelemegi başarandygyma örän begenýärin” diýip, öz gazanan üstünligini uly buýsanç bilen belleýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.