Geçen hepdäniň penşenbe güni karýerasyndaky 900-nji goluny geçirip, bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçy adyny alan portugaliýaly Kristiano Ronaldo ýekşenbe gününde başga bir rekord goýdy.
UEFA Milletler Ligasynyň çäginde “A” Liganyň 1-nji toparçasynda Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Şotlandiýany 2-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda şotlandlar MakTomineýiň 7-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. Portugallar 54-nji minutda Bruno Fernandeşiň goly esasynda hasaby deňlediler. Duşuşygyň 88-nji minutynda arakesmeden soň meýdança giren 39 ýaşyndaky Kristiano Ronaldo tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Bu onuň 901-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Şotlandiýanyň ýygyndysy Ronaldonyň gol geçiren 48-nji ýygyndy topary bolup, super ýyldyz bu babatda rekordyň eýesidir.
Toparçadaky beýleki duşuşykda Horwatiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Polşanyň Luka Modriçiň 52-nji minutda jerime urgusyndan geçiren ajaýyp goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Şu gün 39 ýaşyny dolduran Modriç milli topardaky 180-nji duşuşygynda 27-nji goluny geçirdi. Ol Ýewropada Ronaldodan soň milli toparda iň köp çykyş eden 2-nji futbolçydyr.