1997-nji ýylda tomaşaçylara ýetirilen “Titanik” filmindäki meşhur “My Heart Will Go On” aýdymyň sözleriniň awtory Will Jennings aradan çykdy. 80 ýaşly Jennings ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýaşaýardy.
“My Heart Will Go On” aýdymyny kanadaly aýdymçy zenan Selin Dion ýerine ýetiripdi. Bu barada “The Hollywood Reporter” habar berýär.
“Grammy”, “Golden Globe” we Oskar baýraklarynyň laureaty bolan Jennings Witni Hýuston, Bi Bi King, Meriýýa Keri, Jimmi Baffett, Rodni Krowell, Roý Orbison ýaly birnäçe meşhur sungat ussadyna aýdym sözlerini ýazyp beripdi.
“My Heart Will Go On”-yň dürli dillerde döredilen meňzeş nusgalary çykypdy.