Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk ulgamynda hem ýokary ösüşler gazanylýar. Häzirki döwürde bu ugurda dünýä nusgalyk işler amal edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň 21-nji maýynda güýje girizilen “Syýahatçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň çäklerinde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirdi. Kanunda Türkmenistanyň gözel tebigatyna, ýerli we daşary ýurtly jahankeşdelerde aýratyn uly gyzyklanma döredýän täsin tebigy ýadygärliklerine, ekologiýa syýahatçylygyny guramaga möhüm orun berilýär. Hakyň nazar salan türkmen topragyna her ýylda dünýä ýurtlaryndan jahankeşdelerdir syýahatçylar gelýär. Türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigy ýadygärliklerine, dynç alyş merkezlerine maýyl bolup gelýän syýahatçylary halkymyz türkmen myhmansöýerligi bilen garşylaýar. Ajaýyp gözel ýerlerimiz, tebigatyň türkmen topragyna eçilen baýlyklary jahankeşdelerde ýatdan çykmajak täsirleri oýarýar.
Hut şonuň üçin-de, Italiýanyň döwlet teleradio gepleşikleri korporasiýasynyň “Rai 3” teleýaýlymy Türkmenistany 2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrdy. Dürli ýurtlar hem-de yklymlar boýunça syýahatlar baradaky filmleriň köp seriýaly tapgyryndan soň, teleýaýlym tomaşaçylaryň arasynda sorag-jogap geçirdi. Netijede, meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň sanawy düzüldi. Şeýlelikde, ses bermegiň netijesi boýunça güneşli Türkmenistan “Taryh” derejesinde birinji orna mynasyp boldy. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Bilşimiz ýaly, 2016-njy ýylyň awgust aýynda milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasy işlenip taýýarlanylmaga girişildi. Döwlet Baştutanymyz täze syýahatçylyk kartasynda ýurdumyzyň tebigy hem-de taryhy aýratynlyklarynyň atlarynyň we şertli belgileriniň beýanyny tapmalydygyny belledi. Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasy ilkinji nobatda, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak isleýänlere gönükdirildi. Onda iri şäherleriň atlary, ulag-aragatnaşyk ugurlary, aýratyn goralýan tebigy çäkler, bejeriş-sagaldyş syýahatçylygynyň desgalary, çöl-beýewanlarymyzyň, ymgyr giňişligimiziň nyşany bolan düýe kerwenleriniň şekili bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry, ýurdumyzyň daşky keşbiniň gaýtalanmajak bezegi bolan birnäçe gadymy binagärlik desgalary öz beýanyny tapdy. Şeýle şekilleriň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orna eýe bolan Merwiň, Köneürgenjiň, Köne Nusaýyň ýadygärlikleri, özüniň syrly gowaklary we dinozawrlaryň yzlary bilen dünýä jahankeşdelerini haýrana goýýan Köýtendagyň tebigy ýerleri, türkmen topragyndaky derýalar, Hazar deňzi we mawy öwüşginli daglar görkezilýär.
Häzirki döwürde türkmen syýahatçylygy dünýä ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde barha ýokary ösüşlere eýe bolýar. Bu ugurda türkmen alymlaryna daşary ýurtlaryň ussat alymlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň çäklerindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 – 2021-nji ýyllarda arheologik gazuw-agtaryşlary geçirmek boýunça Döwlet Maksatnamasynyň kabul edilmegi bu ugruň ösüşlere eýe bolmagyna täze mümkinçilikleri açdy.
Halk arasynda “Ylma-bilime, medeniýete serhet ýok” diýilýär. Muny ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiziň dünýä okyjylaryna peşgeş beren “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby aýdyň subut edýär. Bilşimiz ýaly, Beýik Ýüpek ýoly ägirt uly taryhy miras bolup, ol halklaryň we ýurtlaryň özara ýakynlaşmagyna, olaryň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna itergi berip gelipdir. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar öz gerimini giňeldip, dünýä ýüzünde ynsanperwerlik tugunyň baky parlamagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda: “Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir. Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi” diýip, buýsanç bilen belleýär.
Çünki, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň Gündogardan Günbatara uzaýan çäginiň geografiýasyny özünde jemlemek bilen, gadymy döwürlerden bäri medeniýetleri özara birleşdirip gelipdir.
Dünýä syýahatçylygynyň dürdänesi bolan güneşli Türkmenistan bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde dünýä halklarynyň syýahatçylaryna gujagyny giňden açýar. Bu günki gün güneşli ülkämize gelýän syýahatçylar ägirt uly özgertmeler bolup geçýän ýurdumyzyň gözel künjekleri, taryhy we medeni gymmatlyklary, asyrlara şaýat bolup oturan ýadygärlikleri, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen desgalarydyr binalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gün-günden berkeýändigine anyk şaýatlyk edýär.
Azat OMADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.