Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat tä­ze ta­ry­hyň, ýur­du­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­niň, ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ym­ty­ly­şy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Gö­zel paý­tag­ty­myz hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Tu­tuş se­bit­de işe­wür­li­giň, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň yk­rar edi­len mer­ke­zi­ne öw­rü­len Aş­ga­bat gün-gün­den döw­re­bap, dep­gin­li ös­ýän şä­he­riň öz­bo­luş­ly keş­bi­ni özün­de jem­le­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň şä­her­-gur­lu­şy­gy­ny dün­ýä de­re­je­si­ne ýe­tir­mek­de, paý­tag­ty­my­zy ös­dür­mek­de ägirt uly hyz­mat­la­ry aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň tä­ze, aja­ýyp şä­her­-gur­lu­şyk keş­bi­niň dö­re­dil­me­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jöw­her ze­hi­ni­niň dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry bar. Şo­nuň üçin hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze “Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry” diý­len be­lent adyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­niň esas­lan­dy­ry­lan gü­nün­de be­ril­me­gi öz­bo­luş­ly ma­na eýe bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat şä­he­ri­ni mak­sat­na­ma­la­ýyn ös­dür­mek ug­run­da uly tas­la­ma­la­ra ba­dal­ga ber­ýär.
8-nji ýan­war­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da 2018-nji ýyl­da il­kin­ji gö­ni ara­gat­na­şyk ar­ka­ly wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Beý­le­ki me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da paý­tag­ty­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­re-de ga­ral­dy. Mil­li Li­de­ri­miz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­giň 16-njy tap­gy­ryn­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Aş­ga­bat şä­he­rin­de döw­re­bap kär­ha­na­lar, ho­wa men­zi­li, köp­rü­ler we sow­ma ýol­lar gu­rul­ýar. Bu ýer­de tä­ze önüm­çi­lik top­lum­la­ry, se­na­gat des­ga­la­ry, sy­ýa­hat­çy­lyk we hyz­mat ediş pu­da­gy tä­ze de­re­je­le­re eýe bol­ýar. Gül­läp ös­ýän Aş­ga­ba­dyň ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rül­me­gi, şä­he­re köp san­ly se­ýil­gäh­le­riň, suw çüw­dü­rim­le­ri­niň, ýa­dy­gär­lik­ler top­lum­la­ry­nyň be­zeg ber­me­gi, kö­çe­le­riň ug­run­da gül­çü­lik işi­niň aja­ýyp gör­nüş­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy land­şaft sun­ga­ty­nyň hem giň ge­rim bi­len or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Aş­ga­bat­da bi­na edil­ýän tä­ze, be­lent bi­na­la­ryň her bi­ri üýt­ge­şik bi­na­gär­lik we in­že­ner-teh­ni­ki çöz­güt­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Aş­ga­bat­da ge­çen ýyl ulan­ma­ga ber­len, üç tap­gyr­da bi­na edi­len, dü­zü­min­de des­ga­la­ryň 30-dan gow­ra­gy bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­çe­si buý­san­dy­ry­jy des­ga­la­ryň bi­ri­dir. Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky­sy­nyň çäk­le­rin­de bi­na edi­len, äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän kot­tej jaý­lar­da bag­ty­ýar maş­ga­la­la­ryň ýüz­ler­çe­si jaý toý­la­ry­ny toý­la­dy­lar.
Aş­ga­ba­dyň tap­gyr­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi bel­li bir dö­wür­de en­çe­me des­ga­ny öz içi­ne al­ýan tä­ze bir ýa­şa­ýyş we işe­wür­lik top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­dal­ga be­ren şä­her­-gur­lu­şyk bo­ýun­ça tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry bu ul­gam­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny we iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­ni iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga giň iter­gi ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz: “Paý­tag­ty­myz mil­li buý­san­jy­myz bol­mak bi­len, onuň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi bi­ziň umu­my we­zi­pä­miz­dir” di­ýip bel­le­ýär.
Tä­ze et­rap­la­ryň, gu­rul­ýan ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry­nyň, dö­re­dil­ýän se­na­gat we se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň ha­sa­by­na Aş­ga­ba­dyň çäk­le­ri hem bar­ha gi­ňel­ýär. Ge­çen hep­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň bä­şin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­tyn­da “Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş-çäk bö­lü­ni­şi­gi­niň me­se­le­le­ri ha­kyn­da” we “Aş­ga­bat şä­he­ri­niň do­lan­dy­ryş-çäk bö­lü­ni­şi­gi­niň me­se­le­le­ri ha­kyn­da” Mej­li­siň Ka­rar­la­ry ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek, ola­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek, et­rap­la­ry we şä­her­le­ri gi­ňelt­mek hem-de ola­ryň ta­ry­hy at­la­ry­ny di­kelt­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da taý­ýar­la­ny­lan­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ahal we­la­ýa­ty­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň kä­bir et­rap­la­ry­nyň ady­ny üýt­get­mek we ola­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň gur­lu­şy­ny üýt­ge­dip gur­mak ha­kyn­da ka­rar­la­ra gol çek­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň do­lan­dy­ryş-çäk bö­lü­ni­şi­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da hem-de Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň we de­pu­tat­la­ry­nyň, ýer­li hä­kim­lik­le­riň, kär­ha­na­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de jo­gap­kär iş­gär­le­ri­niň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat­lar ge­çi­ri­lip, bu ka­rar­la­ry ama­la aşyr­mak bi­len bag­ly gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Res­mi­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Aba­dan we Ru­ha­bat et­rap­la­ry ýa­ty­ry­lyp, ola­ryň ýer­le­ri Aş­ga­bat şä­he­ri­niň de­giş­li et­rap­la­ry­nyň çäk­le­ri­ne ge­çi­ril­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil et­ra­by­nyň ady üýt­ge­dil­di we oňa Büz­me­ýin ady da­kyl­dy, in­di ol Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­by diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk, Ber­ka­rar­lyk, Büz­me­ýin we Kö­pet­dag et­rap­la­ry­nyň çäk­le­ri bel­le­nil­di. Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň Ba­ba­daý­han şä­he­ri Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň, Ka­ka et­ra­by­nyň Ka­ka şä­he­ri­ Ka­ka et­ra­by­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi edi­lip bel­le­nil­di. Ba­har­ly et­ra­by­nyň we onuň Ba­har­ly şä­he­ri­niň ady üýt­ge­di­lip, ola­ra Bä­her­den ady da­kyl­dy.
Bir­nä­çe şä­her­le­re we et­rap­la­ra ola­ryň ta­ry­hy at­la­ry­nyň da­kyl­ma­gy hal­ky­my­zy be­gen­dir­di.
Biz hal­ky­myz üçin aja­ýyp bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na giň­den ba­dal­ga ber­ýän, bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň do­wa­mat do­wam bol­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Je­mal HU­DAÝ­BER­DI­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.