Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy üçe eplenýän “Mate XT Ultimate Design” atly smartfon tanyşdyrdy. Kompaniýanyň sarp ediji önümleri bölüminiň ýolbaşçysy Riçard Ýu täzr telefonyň 2 müň 800 dollardan satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi. Telefonda emeli aň arkaly terjime hyzmatlary we “bulut” tehnologiýasy bar. Riçard Ýu bu taslamanyň üstünde 5 ýyldan bäri işlenýändigini aýtdy.
Doly açylanda galyňlygy bary-ýogy 3,6 mm bolýan “Mate XT”-iň 10,2 dýuýmlyk ekrany bar. Smartfony bir, iki ýa-da üç ekranly edip ulanyp bolýar. Şeýle hem enjamda eplenýän klawiatura-da bar. Telefon çeýe häsiýetli bolup, içe-de daşa-da açylyp hem ýapylyp bilýär. Şeýlelikde telefony has amatly we köp maksatly ulanyp bolýar. Enjamyň kamera aýratynlyklary hem ýokary. Smartfonda durulygy 50 MP bolan ultra giň, 12 MP giň hem-de 12 MP telefoto sensorlary bar. Smartfonyň öňünde bolsa, 8 MP durulygynda surata düşürýän kamera bar.
Kompaniýa bu telefon üçin eýýäm 4 milliondan gowrak sargyt berlendigi mälim edildi. 9-njy sentýabrda tanyşdyrylan telefonyň iň ýokary nusgasynda 16 GB RAM hem-de 1 TB ýat bar. Onuň bahasy 3 müň 371 dollar.
Internet arkaly sargyt kabul edilip başlanan telefon 20-nji sentýabrda dükan tekjelerinde orun alar. Telefon ilki hytaý bazaryna hödürlener.
Şirmyrat Geldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.