Ki­ta­by bir köp­ri di­ýip, göz öňü­ne ge­tir­sek, onuň sü­tü­ni pi­kir­ler hem-de me­de­ni gym­mat­lyk­lar, ker­piç­le­ri bol­sa, yn­sa­na öz ýa­ra­dyl­ma­gy­nyň mak­sa­dy­ny ýat­la­dyp du­ran na­gyş­lar­dyr. Gü­ne­şiň äle­mi nur­lan­dy­ry­şy ýa­ly, ki­tap hem yn­san kal­by­na ýag­ty saç­ýar. Oka­mak ada­myň öz-özü­ni ta­na­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän iň­ňän peý­da­ly pi­şe­dir. Oka­mak üçin se­bäp az däl. Biz oka­mak ar­ka­ly yn­sa­na we bu älem-ja­ha­na akyl ýe­ti­rip, dün­ýä­dä­ki wa­ka­la­ra düý­bün­den baş­ga­ça ga­ra­ýa­rys.
Oka­mak – hü­nä­ri­mi­zi kä­mil­leş­dir­mek, me­de­ni­ýe­ti­mi­zi gi­ňelt­mek, dürs pi­kir­len­mek, dog­ry ýaz­mak, ha­ýyr­ly iş­ler et­mek üçin hök­ma­ny şert bo­lan zäh­met­dir. Açyk ho­wa­da edi­len ge­ze­lenç­le­riň, oýun­la­ryň, be­den maşk­la­ry­nyň be­de­ni­mi­zi tap­laý­şy ýa­ly, aja­ýyp ese­ri oka­ma­gyň hem ze­hi­ni­mi­zi kä­mil­leş­dir­ýän­di­gi­ne, duý­gu­la­ry­my­zy ös­dür­ýän­di­gi­ne ün­si çek­ýär we “Nä­me üçin oka­ma­ly?” di­ýen so­wa­la şeý­le jo­gap ber­ýär: “Biz gys­ga­jyk öm­rü­miz­de özü­miz syn­çy­lyk edip hem özü­miz tej­ri­be ge­çi­rip nä­çe­räk mag­lu­mat ýyg­nap bi­le­ris?! Ki­tap oka­mak bi­len bol­sa, asyr­la­ryň pi­kir­le­ri­ni, duý­gu­la­ry­ny we tej­ri­be­le­ri­ni bir­nä­çe sa­ga­dyň içi­ne syg­dy­ryp bi­le­ris, ol ki­tap­da­ky ga­ra­ýyş­lar bi­len aňy­my­zy baý­laş­dy­ryp bi­le­ris.
Öwrenilen zatlar, film­ler wag­tyň geç­me­gi bi­len öz tä­si­ri­ni ýi­tir­ýär, em­ma ki­tap he­mi­şe ýa­ny­myz­da­dyr, is­len­dik wagt ýüz tu­tup bol­ýan paý­has çeş­me­si­dir. Mag­tym­gu­ly ata­myz: “Ki­tap okan gul­lar ma­gny­dan dok­dur, Anlaryň kal­byn­da şeý­tan bo­lar­my?” diý­mek bi­len köp okan adam­la­ryň kal­by­nyň sap bol­ýan­dy­gy­ny nyg­tap­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de öz hü­nä­ri­ňi kä­mil­leş­dir­mek we ök­de hü­när­men bol­mak üçin şol hü­när bi­len bag­lan­yşyk­ly tä­ze­lik­le­riň, çyk­ýan ne­şir­le­riň göz­le­gin­de bol­ma­ly. Bir me­se­lä­niň jo­ga­by so­ra­lan­da, us­sat­laryň oňa des­si­ne jo­gap be­rip bil­me­gi däl-de, esa­san, şol jo­ga­by haý­sy ki­tap­lar­da we haý­sy ne­şir­ler­de ta­pyp bol­jak­dy­gy­ny bil­me­gi ta­lap ed­ýär­ler.
Bu aý­dy­lan­la­ryň hem­me­si bi­ze oka­ma­gyň, on­da-da köp oka­ma­gyň nä­de­re­je­de ze­rur­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Her gün 20-30 sa­hy­pa oka­sak, dün­ýä­ga­raý­şy­myz gys­ga wag­tyň için­de gi­ňär, ede­bi­ýat us­sat­la­ry­nyň nus­ga­lyk eser­le­ri­ni oka­mak bi­len dil baý­ly­gy­myz, söz­le­ý­şi­miz­dä­ki çe­per­çi­lik has-da ar­tar. Haý­sy kär­de­di­gi­mi­ze ga­ra­maz­dan, adam­lar bi­len he­mi­şe ara­gat­na­şyk­da bol­jak­dy­gy­my­zy, adam­la­ryň is­leg­le­ri­ne görä, jo­gap ber­jek­di­gi­mi­zi bil­me­li­di­ris.
Öz hü­nä­ri­ne ez­ber adam di­ýip, adam­la­ryň äh­li­si­niň der­di­ne ýa­ra­jak iş­le­ri ama­la aşy­ryp bil­ýän adam­la­ra aý­dyl­ýar. Me­se­lem, bir aw­tou­la­gyň daş­ky şe­ki­li­ni tas­laý­jy­nyň ba­şar­ny­gy, onuň ön­dü­ren nus­ga­sy­nyň halk köp­çü­li­gi ta­ra­pyn­dan go­wy gar­şy­lan­ma­gy bi­len öl­çel­ýär. Halk köp­çü­li­gi­niň is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin ola­ry go­wy ta­na­mak ge­rek. Adam­la­ry ta­na­ma­gyň iň aň­sat we iň go­wy ýo­ly bol­sa, ki­tap oka­mak­dyr.
Ata-ba­ba­la­ry­myz: “Hü­när­li är hor bol­maz, dost-duş­ma­na zar bol­maz” di­ýip, ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Ada­myň elin­den gel­ýän bir hü­nä­ri bar bol­sa, nä­hi­li ýag­daý­da bo­lan­da-da, gys­sa­ga dü­şen­de, onuň al­nyn­dan di­rär. Okap öw­ren­mek bi­len ga­za­ny­lýan ylym we onuň ada­ma ga­zan­dyr­ýan mer­te­be­si ömür­lik do­wam eder. Adam­la­ryň ara­syn­da hiç wagt terk et­me­jek mer­te­bä­ni ga­zan­mak üçin örän köp oka­ma­ly. Gün­de­lik dur­muş­da “Alym bol­mak aň­sat, adam bol­mak kyn” di­ýen aýt­gy­ny kän eşid­ýä­ris. As­ly­ýe­tin­de, bu ýer­de göz öňün­de tu­tul­ýan “adam bol­mak” – kä­mil­lik, sy­pa­ýy­çy­lyk, ak ýü­rek­li­lik hem edep­li­lik­dir. Il­ha­lar ki­şi­le­ri beý­le­ki adam­lar­dan ta­pa­wut­lan­dyr­ýan sy­pat­lar, ine, şu hä­si­ýet­ler­dir.
Mag­lu­mat edin­me­giň dür­li ýol­la­ry bar­. Me­se­lem: do­ku­men­tal film­le­re se­re­di­bem mag­lu­mat edi­nip bo­lar. Ýö­ne şu­ňa meň­zeş ýag­daý­lar­da ada­myň otu­ryp pi­kir­len­mä­ge, on­da aý­dy­lan mag­lu­mat­la­ry ze­rur ha­la­tyn­da, tä­ze­den diň­le­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bol­ma­ýar. Ýö­ne ki­tap baş­ga­ça­dyr. Se­bä­bi ony oka­nyň­da, hem pi­kir­len­mä­ge wagt bar, hem-de ge­rek mag­lu­ma­ty­ňa is­län ma­ha­lyň gaý­ta­dan do­la­nyp bol­ýar. Oka­mak hiç ha­çan üns­den dü­şü­rip bol­ma­jak ze­rur­lyk­dyr. Şol san­da, her gün yzy­gi­der­li, azyn­dan bir sa­gat ki­tap oka­ma­gam (bu as­lyn­da, her gün bi­hu­da ge­çir­ýän wag­ty­my­zyň peý­da­la­ny­lan bir ül­şü­dir) bi­zi gys­ga wag­tyň için­de be­lent sep­git­le­re ýe­ti­rer. Biz kem­ba­ha ga­ra­man, sa­byr bi­len, her se­ti­ri­ne üns be­rip, okan­la­ry­my­zy paý­laş­mak ar­ka­ly ýe­ri­ni hiç zat bi­len dol­du­ryp bol­ma­jak gym­mat­ly wag­ty­my­zy iň bol­man­da, bi­de­rek ge­çir­mek­den ha­las edip bi­le­ris.
Ki­tap saý­la­nan­da onuň ti­ra­žy­na ýa-da onuň aw­to­ry­nyň meş­hur­ly­gy­na däl-de, öňi bi­len, kä­mil­lik de­re­jä­mi­ziň ös­me­gi­ne oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­jek­mi, bi­ren­tek so­rag­la­ry­my­za jo­gap be­rip, on­dan daş­ga­ry-da biz­den tä­ze so­rag­lar so­ra­jak­my, bi­ziň aň ta­ýyn­dan, sun­gat ba­bat­da ösü­şi­mi­ze peý­da ber­jek­mi, ylym, gö­zel­lik ba­bat­da aň-dü­şün­jä­mi­ziň kä­mil­leş­me­gi­ne iter­gi ber­jek­mi?! Ine, şu aý­ra­tyn­lyk­la­ra üns be­ril­se, on­da ol ki­tap di­ňe bir wag­ty­my­zy boş ge­çir­mez­lik üçin ed­ýän pi­şä­miz bol­man, eý­sem, dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz par­ça­sy­na öw­rü­ler.

Ak­ja Din­mä­do­wa,
Da­şo­guz we­la­ýat ma­liye-yk­dy­sa­dy or­ta
hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.