Düýn ABŞ-da geçiriljek Prezident saýlawyna gatnaşjak iki esasy dalaşgär – ýurduň häzirki wise-prezidenti Kamala Harris hem-de ozalky Prezident Donald Trampyň arasynda telewizion çekişme geçdi. Ýurtda däp bolan bu waka saýlawlaryň netijelerine täsir edip bilýär.
“ABC News” teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara ýetirilen çekişme başlamazdan ozal, Kamala Harris Trampyň elini gysyp, özüni tanyşdyrdy.
Debatda esasy mowzuklar içerki we daşarky syýasat, ykdysadyýet, adalat we jemgyýetçilik meseleleri boldy. Kamala Harris, özüniň wise prezidentlik döwrüniň üstünlikli bolandygyny belledi we Demokratik partiýanyň maksatnamasy barada durup geçdi.
Donald Tramp bolsa, Respublikan partiýasynyň ösüş strategiýalaryny we öz prezidentlik döwründe gazanan üstünliklerini öňe sürdi. Çekeleşigiň dowamynda ikitaraplaýyn tankytlar we gürrüňdeşlikler tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Teleçekişme köpçülikleýin ýerlerde uly telewizorlarda tomaşaçylara görkezildi.
Ýurtda 5-nji noýabrda prezident saýlawy geçiriler.