Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä standartlaryna laýyk getirilip hem-de barha giňeldilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandyrylýar. Islendik zadyň edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüni, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bolýar. Bu, ilkinji nobatda, adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp bolup durýar.
Orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem-de düşündiriş işleri oňyn netijelerini berýär. Olarda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we il sylagly ýaşulular tarapyndan täsirli gürrüňler berilýär. Ýol hereketiniň düzgünleri jikme-jik düşündirilýär. Munuň özi ýaş nesillerde ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärçilikli garamak endigini terbiýelemekde, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly düşünjesini artdyrmakda möhümdir.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmeklige degişli işleri durmuşa geçirmekde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny kesgitleýän beýleki hukuk namalary möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär. Bu Kanun döwletimiziň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.
Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi howpsuzlygymyz we bagtyýar durmuşymyz üçin edilýän tagallalaryň biridir. Çünki, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Ýeri gelende nygtap geçsek, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen 2015-nji ýylda badalga berlip, ol her ýylda ýokary derejedäki wagyz-nesihat çäreleri bilen aýratyn üns berlip bellenilip geçilýär.
Begenç Rozykuliýew,

Baýramaly etrabynyň polisiýa bölüminiň nobatçy gullugynyň nobatçysynyň kömekçisi, polisiýanyň uly seržanty.