ABŞ-nyň Men ştatyndaky hususy jaýyň üçeginden tapylan kartina auksion arkaly 1,4 million dollara satyldy. Suratyň XVII asyrda döredilendigi anyklandy. Bilermenler eseriň niderlandly suratkeş Rembrandta degişlidigini çaklaýarlar.
“Thomaston Place” auksion öýüniň esaslandyryjysy Kaýa Weýe eseriň Rembrandtyň äheňinde döredilendigini, suratyň ýanyndan tapylan resminamada onuň 1970-nji ýylda Filadelfiýa Sungat muzeýine sowgat berlendiginiň ýazylandygyny aýdýar.
Auksion öýi Rembrandt äheňindedigini aýdyp eseri satuwa çykaranda oňa 10-15 müň dollar baha kesdi. Bu bolsa, eseriň islendik meşhur suratkeşiň eseriniň başga biri tarapyndan döredilen meňzeş ýa-da şoňa öýkünilip döredilen nusgasydygyny, onuň hakyny eseri däldigini aňladýar. Emma auksion açylanda wagty ilkinji berlen teklip 32 müň 500 dollar boldy. Soňra bolsa onuň bahasy 1 million 400 müň dollara çykdy. Bu bolsa, käbir kolleksiýaçylaryň eseri hakyky diýip hasaplamagy bilen baglydyr.
Bilermenler täze “açylan” eseriň Rembrandta degişlidiginiň haýsydyr bir auksion ýa-da muzeý tarapyndan ykrar edilen ýagdaýynda onuň bahasynyň 5 million dollara çenli çykyp biljekdigini belleýärler.