Awtoulagymyzdaky käbir düwmäniň ýa-da aýratynlygyň näme üçin goýlandygyny bilmezligimiz mümkin. Bularyň biri hem awtoulaglaryň köpüsiniň yzky aýnasynda bar bolan dik we kese çyzyklardyr. Eýsem, bu gyzyl çyzyklar näme üçin goýulýarka, näme işi ýerine ýetirýärkä?
Maşynyň yzky aýnasyndaky gyzyl çyzyklar ulagyň dizaýnyna we yz tarapy görmeklige päsgel berip biler. Belki bu awtoulag öndürijileriň kemçiligi ýaly hem görnüp bilner. Ýöne ýagdaý beýle däl. Sowuk howada yzky aýnadaky çyzyklar arka tarapdaky hereketi anyk görmäge mümkinçilik berýär. Awtoulaglara goýulýan gyzyl çyzyklar aslynda defroster metaldan ýa-da rezinden ýasalan gözenek bolup, aýnanyň ýüzüne ýelmenip berkidilýär. Bu gözenegiň içinden gaty inçe simler geçip, ulagyň elektrik toguna berkidilýär. Elektrik togy bu simleriň üstünden geçende, ýylylyk öndürip biljek garşylyk ýüze çykýar. Bu ýylylyk awtoulagyň yzky aýnasyndaky buguň ýa-da buz gatlagynyň çaltlyk bilen aýrylmagyna mümkinçilik berýär.
Haýsy ýagdaýda işlemeýär?
Adatça yzky penjirede gyzdyryjynyň işlemegi awtomat ýagdaýda bolup geçýär. Awtoulag otlanandan soň 15 minutyň dowamynda defroster çyzyklarynda gyzgynlyk emele gelip, bug ýa-da buz gatlagy aýrylýar. 15 minutdan soň, gyzdyryjynyň özi öçýär. Käte yzky penjiredäki gyzdyryjynyň işlemezligi mümkin. Bu ulgamdaky näsazlyk predohraniteliň ýarylmagy, gyzdyryjy simiň üzülmegi we reziniň sowuga ýa-da Gün şöhlesine zaýalanmagy bilen bagly ýüze çykyp biler.