Hytaý kompaniýalary soňky üç ýylda Afrika ýurtlarynda 1,1 milliondan gowrak iş ornuny döretdi. Bu barada Hytaýyň daşary işler ministri Wan I mälim etdi.
«Diňe soňky üç ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň kompaniýalary Afrikada 1,1 milliondan gowrak iş ornuny döretdi» diýlip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda hytaýly diplomatyň sözleri getirilýär. Wan I Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumynyň (HAHF) Pekin bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky gatnaşykda möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy. Ol bilelikdäki ikitaraplaýyn taslamalaryň afrikalylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrandygyny belledi.
Hususan-da, daşary işler ministri Hytaýyň Afrikada, takmynan, jemi uzynlygy 100 müň kilometre ýetýän awtoulag ýollaryny, 10 müň kilometr demir ýollaryny, 1 müňe golaý köprini we 100 töweregi porty gurmaga we döwrebaplaşdyrmaga kömek edendigini aýtdy.
– HHR yklymyň ähli ýurtlaryna diýen ýaly lukmançylyk toparlaryny iberdi, uzak oba ýerlerine baryp gördi we takmynan, 230 million adama kömek berdi – diýip, Wan I sözüniň üstüne goşdy.
Ministriň belleýşi ýaly, Hytaý Afrikada azyk we suw üpjünçiligi, şeýle hem ylym we bilim pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirýär. Ol şeýle çäreleriň ýerli ýaşaýjylara getirýän peýdasyna ünsi çekdi.
– Bu görnetin netijeler, yssy Günüň aşagynda afrikaly doganlary bilen birlikde yklymda öz işlerini edýän hytaýly işçileriň, lukmanlaryň, mugallymlaryň we meýletinçileriň kömegi bilen gazanyldy – diýip, ministr sözüni jemledi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, dokuzynjy Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Hytaýyň sebitiň ýurtlarynda ýerli ýaşaýjylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin 500 töweregi taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle hem Afrikada azyndan, 1 million täze iş ornunyň dörediljekdigini aýtdy.
Bu forum Hytaý we Afrika döwletleri tarapyndan 2000-nji ýyldan bäri geçirilýär. Pekinde we yklymyň ýurtlarynyň biriniň paýtagtynda gezekli-gezegine guralýan bu forum HHR-niň Afrikadaky ykdysady, syýasy we medeni täsirini güýçlendirýän möhüm platformadyr. Çäräniň esasy maksatlaryndan biri «Bir guşak – bir ýol» başlangyjynyň taslamalaryny öňe sürmekden ybaratdyr. Ýedinji forum Hytaýyň paýtagtynda 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda, sekizinjisi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Dakarda geçirildi.