Gündogar Aziýanyň kenardaş goňşulary bolan Ýaponiýa, Hytaý we Koreýa Respublikasy öz aralarynda syýahatçylyk pudagyny has-da ösdürmegi meýilleşdirýärler. Ilkinji nobatda bu ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylaryň sanynyň 2030-njy ýyla çenli 40 milliona ýetirilmegi maksat edinilýär. Ýaponiýanyň gury ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministri Saito Tetsuonyň başlyklyk etmeginde Hiogo prefekturasynyň Kobe şäherinde geçirilen maslahatda bu barada maglumat berildi. Goňşy ýurtlaryň syýahatçylyk pudagynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda pandemiýadan soňra syýahatçylygyň dikelmegi, durnukly syýahatçylygyň höweslendirilmegi we iri şäherlerden uzakdaky ýerlerde syýahatçylygyň ösdürilmegi ýaly meselelere garaldy. Ýygnakda ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylaryň sanynyň geljek ýyl 30 milliona ýetirilmegi barada netijä gelindi.
Orazgül AMANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň
Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Gypjak kitaphana şahamçasynyň
1-nji derejeli kitaphanaçysy.