Gol­li­wu­dyň ägirt­le­rin­den Sti­wen Spil­ber­giň tä­ze yl­my-fan­tas­tik ki­no­sy “Rea­dy Player One” ýy­lyň ga­ra­şyl­ýan esasy film­le­ri­niň bi­ri. Kinodaky wakalar 2045-nji ýyl­da­ bolup geçýär. Bu ekran eserinde Ta­ýi Şe­ri­dan, Oli­wi­ýa Kuk, Ben Men­del­son, T.J. Mil­ler, Saý­mon Pegg hem-de Mark Raý­lans da­gy dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Filmiň gör­ke­zi­lip baş­lan­jak wag­ty 30-njy mart diý­lip bel­le­nil­di.
“La La Lend” fil­mi bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan ýaş re­žiss­ýor Da­mi­en Şa­zel­liň in­di­ki ki­no­sy “Il­kin­ji adam” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Okt­ýabr aýy­nyň 12-sin­den baş­lap, ki­no­teatr­lar­da gör­ke­zil­jek ki­no­da Ra­ýan Gos­ling, Kleýr Foý, Jeý­son Klark, Kaýl Çand­ler, Jon Bern­tal ýa­ly ar­tist­ler su­ra­ta dü­şer. Film Ne­il Armst­ron­gyň Aýa aýak ba­sy­şy ba­ra­da gür­rüň ber­ýär.
“Ex Machi­na” filmi bi­len ady­gan ýaş re­žiss­ýor Aleks Gar­lan­dyň 2-nji ki­no­sy-da yl­my fan­tas­tik bo­lup, on­da baş keş­bi os­kar­ly akt­ri­sa Na­ta­li Port­man jan­lan­dyr­ýar. Jen­ni­fer Jeý­son Le bilen Ji­na Rod­ri­ge­siň hem su­ra­ta dü­şen ki­no­sy few­ral aýy­nyň ahyr­la­ry­na halk köp­çü­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler.
Şa ze­na­ny Eli­za­be­ta bi­len şa gy­zy Me­ri ba­ra­da­ky ta­ry­hy dra­ma­da Sir­şa Ro­nan bi­len Mar­go Rob­bi baş keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Jou­zi Rur­kuň re­žiss­ýor­lyk et­me­gin­dä­ki ki­no no­ýabr aýyn­da pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar. Film ta­ryh­çy Jon Gu­ýuň eser­le­ri esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ry­lar.
Il­kin­jisi 17, soň­ku­sy-da 11 ýyl mun­dan ozal re­žiss­ýor Sti­wen So­der­ber­giň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gol­li­wu­dyň bir­nä­çe ta­ny­mal akt­ýo­ry­ny özün­de jem­le­ýän “Ouşns” ki­no­la­ry peý­da bo­lup­dy. Bu ge­zek­ki tä­ze fil­me re­žiss­ýor Ga­ri Ross ta­ny­mal aktrisalary çagyrdy. Oskarly ýyldyzlar –Sand­ra Bul­lok, Keýt Blan­şett, Enn He­te­weý, şol sanda, Sa­ra Pol­sen, aýdymçy Ri­han­na, He­le­na Bo­nam Kar­ter ýa­ly akt­ri­sa­la­ryň çy­kyş ed­ýän ki­no­sy 8-nji iýun­da pro­ka­ta çy­kar.
Prod­ýu­ser­li­gi we sse­na­ri­si us­sat re­žiss­ýor Pi­ter Jek­so­na (il­ki re­žiss­ýor­ly­gyn­y ka­bul edýär, soň­radan ýüz öwür­ýär) de­giş­li bo­lan “Mor­tal En­gi­nes” yl­my-fan­tas­tik ki­no­da Hu­go Wi­wing, He­ra Hil­mar, Ro­bert Şi­han ýa­ly ar­tist­ler su­ra­ta dü­şer. Režissýorlygy Kris­ti­an Ri­wer­se tabşyrylan ki­no 21-nji de­kabr­da halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­ler.
Os­kar­ly akt­ri­sa Jen­ni­fer Law­ren­siň baş keşp­de su­ra­ta dü­şen fil­minde iki jan­sy­zyň ara­syn­da­ky söý­gi ba­ra­da gür­rüň beril­ýär. Fran­sis Law­ren­siň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky ki­no­da Jo­el Ed­ger­ton, Mat­tia Şoe­narts, Şar­lot­te Remp­ling, Jeremi Aýrons da­gy hem çy­kyş ed­ýär. Ki­no mart aýy­nyň ba­şy­na pro­ka­ta çy­ka­ry­lar.
Saz­ly film­le­riň us­sat re­žiss­ýo­ry Rob Mar­şal­lyň ýe­ne bir ki­no­sy “Me­ri Pop­pins do­lan­ýar” peý­da bo­lar. Emi­li Blan­tyň baş keşp­de çy­kyş et­jek ki­no­sy 1964-nji ýyl­da­ky “Me­ri Pop­pins” fil­mi­niň do­wamy hö­k­mün­de gö­rül­ýär. “Walt Dis­ney” şe­re­ke­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky ek­ran ese­ri­niň 25-nji de­kabr­da pro­kat­la­ra ýaý­ra­dyl­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
“Walt Dis­ney” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň yl­my-fan­tas­tik ki­no­sy “A Wrink­le In Ti­me” hem ýy­lyň iri tas­la­ma­la­ryn­dan diý­lip gör­ke­zil­ýär. Ze­nan re­žiss­ýor Awa Dur­naý ta­ra­pyn­dan su­ra­ta alyn­ýan ki­no­da Op­rah Winf­reý, Riz Wi­zers­pun, Maýkl Pen­ýa, Kris Paýn ýa­ly ar­tist­ler çy­kyş ed­ýär. Film 9-njy mart­da pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar.

“Marvel”-iň ýe­ne bir hy­ýa­ly gah­ry­man­çy­lyk­ly ki­no­sy “We­nom” hem şu ýy­lyň se­ne­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di. Baş keşp­de Tom Har­di çy­kyş et­se, bel­li akt­ri­sa Mi­şell Wil­liams oňa ýol­daş­lyk eder. Okt­ýabr aýyn­da pro­ka­ta gi­ri­zil­megine garaşylýan ki­no­ny Ru­ben Fleý­şer su­ra­ta dü­şü­rer.
“Trans­for­mer­ler” film­le­ri­niň do­wa­my hök­mün­de gö­rül­ýän “Bambl­bi” fan­tas­tik ki­no­sy­nyň baş keş­bi ýaş akt­ri­sa Hai­li Stein­fel­de yna­nyl­dy. De­kabr aýy­nyň ikin­ji ýa­ry­myn­da pro­ka­ta çy­ka­ryl­jak fil­me bir­nä­çe ani­ma­si­ýa­nyň sse­na­ri­si­ni ýa­zan Tra­wis Naýt re­žiss­ýor­lyk eder.
Soň­ky dö­wür­ler­de ýyl­da 2 ani­ma­si­ýa ön­dür­ýän “Pixar” kom­pa­ni­ýa­sy “Geň gal­dy­ry­jy maş­ga­la” mult­fil­mi­niň 2-nji bö­lü­mi­ni köp­çü­li­giň dyk­ga­ty­na ýe­ti­rer. 2-nji mult­fil­me Bred Bird re­žiss­ýor­lyk eder. Ani­ma­si­ýa 15-nji iýun­da ki­no­teatr­lar­da­ky or­nu­ny alar.
“Stop-mo­ti­on” teh­ni­ka­sy bi­len ek­ran­laş­dy­ry­lan bu ani­ma­si­ýanyň ady “It­ler ada­sy” bo­lup, oňa meş­hur ki­no­çy Wes An­der­son re­žiss­ýor­lyk et­di. Şu ýyl­ky “Ber­li­na­le­de” hem gör­ke­zil­jek mult­fil­me Bra­ýan Krans­ton, Ed­ward Nor­ton, Bill Mýur­reý, Jeff Goldb­lum, Gre­ta Ger­wig, Skar­lett Ýo­hans­son ýa­ly bel­li-bel­li ar­tist­ler ses ber­mä­ge gat­naş­dy. To­ma­şa­çy­lar bu ani­ma­si­ýa to­ma­şa et­mek üçin mart aýy­nyň soň­ky hep­de­si­ne çen­li ga­raş­ma­ly bo­lar­lar.
“Stop-mo­ti­on” teh­ni­ka­sy bi­len taý­ýar­la­nan bu ani­ma­si­ýa­ny bolsa, Nik Park su­ra­ta dü­şür­di. Şu aýyň ahy­ryn­da ek­ran­lar­da peý­da bol­jak mutfilmiň gah­ry­man­la­ry­na oskarly Ed­di Red­meýn, Tom Hiddls­ton, Mai­se Wil­liams da­gy ses ber­di.
Ýy­lyň ga­ra­şyl­ýan esa­sy hin­di ki­no­larynyň biri “Ze­ro” bo­lup, ko­me­di­ýa-dra­ma gör­nüş­li film­de baş keşp­le­ri Bol­li­wu­dyň ýyl­dyz­la­ry Şah­ruh Han bi­len Kat­ri­na Ka­if hem-de Anuş­ka Şar­ma jan­lan­dy­rar. De­kabr aýy­nyň 21-ine pro­kat­la­ra ýaý­ra­dyl­jak fil­me Anand L. Rai re­žiss­ýor­lyk eder.

Bol­li­wu­dyň 2 ägir­di – Aa­mir Han bi­len Ami­tabh Baç­ça­nyň bi­le­lik­de çy­kyş et­jek bu ki­no­sy Hin­dis­ta­nyň iň uly býu­jet­li filmi bo­lar. No­ýabr aýy­nyň baş­la­ry­na ek­ran­la­ra çy­ka­ryl­jak bu iri tas­la­ma­da Kat­ri­na Ka­if bi­len Fa­ti­ma Sa­na Şaýh hem su­ra­ta düş­er. Wi­jaý Kriş­na Açar­ýa­nyň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky ki­no eý­ýäm­den köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Dün­ýä­de özü­ni yk­rar et­di­ren Hy­taý ki­no sun­ga­tyn­da-da her ýyl ýüz­ler­çe film muş­dak­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­ýär. Aý­ra­ty­nam soň­ky ýyl­lar­da bu ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da iň köp ga­ra­şyl­ýan hy­taý ki­no­sy “Kö­le­ge” (Sha­dow) fil­mi bo­lup, oňy meş­hur re­žiss­ýor Çžan Imou su­ra­ta dü­şü­rer. Ta­ry­hy wa­ka­la­ra da­ýan­ýan ki­no­da Gun Li, Den Çao, Sun Li, Çzen Kai ýa­ly ýur­duň ta­ny­mal ar­tist­le­ri dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
Şu ýy­lyň do­wa­myn­da ta­ny­mal re­žiss­ýor Won Kar-wa­ýyň “Blos­soms” fil­mi, “Asu­ra”, “Geng­his Khan”, mun­dan öň­ki 2 bö­lü­mi uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den fan­tas­tik gör­nüş­li “The Mon­key King 3” ýa­ly hy­taý ki­no­la­ry­ny-da sa­na­mak bo­lar.
Şeýle hem Bol­li­wud­da-da ýo­kar­da ady ag­za­lan 2 kinodan baş­ga-da “Race – 3” (baş keşp­le­r­de Sal­man Han, Jek­lin Fer­nan­des), “Veere Di Wed­ding” (Ka­ri­na Ka­pur, So­nam Ka­pur), “Fan­ne Khan” (Anil Ka­pur, Aýş­war­ýa Rai) ýa­ly ek­ran eser­le­ri ýat­la­nyl­ma­ga my­na­syp film­ler­dir.
Gol­li­wu­dyň önüm­le­rin­den “A Star is Born”, “Cre­ed 2”, “The Wo­men of Mar­wen”, “Bo­he­mi­an Rhap­so­dy”, “Ho­tel Tran­sylvania 3: Sum­mer Vacation” ani­ma­si­ýa­sy­ny, fran­suz ki­no­la­ryn­dan “Taxi 5”, “Kursk”, “Quien te can­ta­ra”, “Eva” ýa­ly film­le­ri-de şu ýy­lyň ga­ra­şyl­ýan ek­ran eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gör­ke­zip bo­lar.