Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ba­bat­da gö­reş alyp bar­ýar. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de, ho­wa­ny ha­pa­la­ýan ener­ge­ti­ka se­riş­de­si bo­lan kö­mür­den ýüz öw­rüp, has köp te­bi­gy ga­zy sa­tyn al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu me­ýil­na­ma­lar Hy­ta­ýy tu­tuş dün­ýä­de te­bi­gy ga­zy sa­tyn al­mak­da bi­rin­ji or­na çy­ka­rar we bu ba­bat­da Ýa­po­ni­ýa­dan öňe saý­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer. Hä­zir­ki wagt­da Hy­taý dün­ýä­de ne­bit we kö­mür sa­tyn al­mak­da bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Te­bi­gy ga­zy sarp et­mek­de bol­sa, ABŞ-dan we Rus­si­ýa­dan soň­ra üçün­ji or­ny eýe­le­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2017-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly sa­tyn alan te­bi­gy ga­zy hem-de tan­ker­ler ar­ka­ly ge­ti­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň möç­be­ri 67 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bol­dy. Di­ňe su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň im­por­ty 50 gö­te­rim art­dy. Te­bi­gy ga­zy im­port et­mek­de hä­zir­lik­çe öň­de­li­gi Ýa­po­ni­ýa eýe­le­ýär. Bu ýur­duň im­port gör­ke­zi­ji­si 83,5 mil­li­on ton­na ba­ra­bar­dyr. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, 2018-nji ýyl­da Hy­taý bu ugur­da Ýa­po­ni­ýa­dan öňe ge­çer. Hy­ta­ýa su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz iber­ýän iri ýurt­lar – Awst­ra­li­ýa, Ka­tar we Ma­laý­zi­ýa. Bu ýur­da tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly te­bi­gy ga­zy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry hem-de Mýan­ma iber­ýär. Şeý­le hem Rus­si­ýa­dan Hy­ta­ýa tur­ba ge­çi­ri­ji­ler çe­kil­ýär.
2017-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­tyn alan su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň möç­be­ri 38 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bol­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­niň 50 mil­li­on ton­na ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu se­bit­de Hy­taý we Ýa­po­ni­ýa bi­len bir ha­tar­da, Gü­nor­ta Ko­re­ýa hem su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy köp im­port ed­ýän ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ge­çen ýyl­ky gör­ke­zi­ji­si 37 mil­li­on ton­na deň bol­dy. Umu­man, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň hem-de Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň sarp ed­ýän su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zynyň möç­be­ri tu­tuş dün­ýä­niň ulan­ýan muk­da­ry­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne deň­dir.
Gün­ba­tar­ly bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, 2040-njy ýyl­da Hy­ta­ýyň te­bi­gy ga­za bo­lan is­le­gi 600 mil­liard ku­bo­met­re de­ňe­çer bo­lar. Bu möç­be­riň ag­ram­ly bö­le­gi da­şa­ry ýurt­lar­dan su­wuk­lan­dy­ry­lan gör­nüş­de hem-de tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly sa­tyn al­nar. Hy­ta­ýyň özün­de-de te­bi­gy gaz gor­la­ry bar. Öz te­bi­gy gaz önüm­çi­li­gi­ni hem ýo­la goý­dy. Ýö­ne, bu ugur­da­ky ga­za­nyl­ýan gör­ke­zi­ji­ler art­ýan is­le­gi ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ýet­me­ýär. Gyş aý­la­ryn­da Hy­ta­ýyň de­mir­ga­zyk-gün­do­gar bö­lek­le­rin­de te­bi­gy ga­za bo­lan is­leg bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Hy­ta­ýa tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly te­bi­gy ga­zy eks­port ed­ýän esa­sy ýurt Türk­me­nis­tan­dyr.