Haçandygy belli bolmadyk nämälim zamanda bir garlawaç adama aşyk bolupdyr. Günleriň birinde onuň penjiresiniň öňüne gonupdyr, ähli dogumyny jemläpdir, ýeleklerini gabardypdyr. Özüniň owadandygyna ynanandan soňra bolsa, kiçijik, owadanja çüňki bilen aýnany kakypdyr. Tyk, tyk, tyk… Adam äpişgä göwünli-göwünsiz nazar aýlapdyr. Ýöne adam içerde öz işleri bilen başagaýmyş, şeýle bir meşgulmyş, şeýle bir meşgulmyş welin, dünýäni unudypmyş. Bu wagt kimkä onuň ünsüni böljek bolýan? Kiçijik bir garlawaç. Tolgunmakdan ýaňa ýüregi gursagyndan çykyp gelýän garlawaç, ynjalyksyzlygyny ýatyrmaga çalşypdyr. Uludan dem alypdyr, soňra naşyja çüňküni açypdyr welin, sözler öz-özünden dökülip başlapdyr:
– Heý, adam! Men seni söýýärin. Sebäbini, näme üçindigini sorama. Seni uzak wagtdan bäri synlaýaryn. Şonça wagtdan soňra şu gün seniň bilen gepleşmäge gaýrat tapdym. Gaýrat et, penjiräňi aç, meni içeri sal, bileje ýaşaly!
Adam birden gaharlanypdyr:
– Ýok, sen nämeler diýýäň? Dynç başymy depirjek äre bermen, sen nireden çykdyň? Bolmaz, seni jaýa salyp bilmen – diýipdir. Samsyjak bahana-da tapypmyş. – Sen bir guş, heý-de, guşam bir adama aşyk bolarmy?
Garlawaç utanypdyr, başyny sallapdyr, ýöne maksadyndan yza tesmändir. Az wagtdan soňra ýene-de penjiräniň öňüne gelipdir. Gülümsiräp, bagtyny ýaňadan synapdyr:
– Adam, eý, adam! Hany, aç indi şu äpişgäňi! Sal, meni içeri! Bolmasa men saňa dost bolaryn, hiç haçan gaharyňy getirmen.
Adam sözünden dänerli däl, ol:
– Ýok, ýok, men seni içeri salyp bilmen – diýipdir. Ol biraz zoňtarlyk edip, sözüni kän bir uzadybam durmandyr:
– Meniň işim-güýjüm kän, sowul başymdan!
Aradan biraz wagt geçipdir. Garlawaç soňky sapar bagtyny synap görmek üçin adamyň penjiresine ýene-de gonupdyr:
– Seret, sowuk günler başlandy, daşarda üşeýärin. Aç, şu penjiräňi, sal meni içeri! Ýogsa, yssy ýurtlara göç etmäge mejbur bolaryn. Sebäbi men diňe yssy ýerlerde ýaşap bilýärin. Puşman etmersiň, seniň içiňi gysdyrmaryn. Bileje naharlanarys, gör, senem ýalňyz ýaşaýarsyň! Ýalňyzlygyňy paýlaşaryn – diýipdir.
Käbir adamlar hakykaty eşitmegi halamaýar. Adam bu ýalňyzlyk meselesine gaharlanypdyr, gany depesine urupdyr:
– Men ýalňyzlygymdan nägile däl – diýipdir.
Adam guşdan özüni rahat goýmagy haýyş edipdir. Onuň ýüzüni alyp, kowupdyr. Garlawaç soňky synanyşygy-da şowsuz tamamlanandan soňra, kellesini sallap, lapykeçlik bilen o ýurtdan gidipdir. Aradan ýene-de wagt geçipdir. Adam ilki gowuja pikir edipdir, soňra öz-özüne käýinipdir:
– Ah, meniň akmakdygymy. Neneňsi samsyklyk etdim. Garaşylmadyk pursatda gapyma gelen dostlukdan ýüz öwürdim. Näme üçin onuň teklibini kabul etmedimkäm? Häzir beýdip, içimi hümledip oturman, onuň bilen birlikde wagtymyzy şatlykly geçirerdik.
Adam gaty puşman edipdir, ýöne eýýäm iş-işden geçipdi. Ol özüni köşeşdirip, göwnüni aldapdyr:
–Yssy günler başlandan soňra, garlawaç ýene-de geler. Menem ony ýanyma alaryn we şatlykly ömür sürerin.
Adam yssynyň düşerine uzak wagtlap garaşypdyr. Äpişgeden gözüni aýyrmanmyş. Ýaz gelipdir, beýleki garlawaçlar dolanypdyr. Emma… Onuňky hiç görünmändir. Tomsuň ahyryna çenli äpişgäni açyk goýup garaşypdyr, ýöne bary biderek. Garlawaç hiç ýerde ýokmuş. Beýleki garlawaçlardan ýeke-ýekeden sorap çykypdyr, ýöne onuň garlawajyny gören tapylmanmyş. Ahyrsoňy maslahatlaşmak, nesihat almak üçin akyldaryň ýanyna gidipdir. Bolan wakalary birin-birin gürrüň beripdir. Akyldar adamyň gözleriniň içine siňe-siňe seredip, şeýle diýipdir:
– Garlawajyň ömri alty aýdyr…
* * *
Durmuşda käbir pursatlar bolýar, guş diňe ýekeje gezek gapymyzy kakar, peýdalanyp bilmesek, ol uçup gider. Durmuşda käbir ynsanlar bolýar, diňe birje gezek öňümizden çykar, gadyryny bilmesek, giderler, hiç haçanam yza dolanmazlar. Ünsli boluň… Ýadyňyzda saklaň!… Pikir edip görüň: Eýsem, siz bu güne çenli penjiräňizden gör, näçe garlawaç kowduňyz?!
Terjime eden
Gülsere Kuşaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk institutynyň mugallymy.