Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedow tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Mahabatyň esaslary» atly täze okuw kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabat işi, onuň düýp manysy, aýratynlyklary hem-de guralyşy barada söhbet edilýär.
Okuw kitabynda mahabatyň ähmiýetine, görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilmek bilen, onuň gelip çykyşy, toparlara bölünişi, täsir ediş ýollary, žurnalistika we jemgyýetçilik bilen arabaglanyşyk, onuň esasy žanrlary, mahabat tekstleri barada maglumatlar beýan edilýär. Şeýle hem kitapda mahabat bildirişiniň aýratynlyklary, häzirki zaman mahabat strategiýalary, mahabat bazary, mahabaty ýaýradyş serişdeleri, gazet redaksiýasynda mahabat nyrhy we nusga syýasaty hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Metbugat we internet neşirlerinde mahabaty ýerleşdirmegiň aýratynlyklary, telewideniýedäki we radiodaky mahabatyň özboluşly taraplary, mahabat beriji we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly temalar boýunça gürrüň gozgalýar.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti