Dünýä futbolynyň super ýyldyzy diňe bir ýaşyl meýdançanyň lideri däl, eýsem ol sanly dünýäniň hem öňdebaryjylarynyň hatarynda hasaplanýar. Meýdançanyň daşynda-da uly meşhurlyga eýedir. Ýaşyl meýdançada bäsdeşlerinden öňe saýlanýan Ronaldo sanly dünýäde-de ep-esli öňde barýar.

Golaýda gollarynyň sanyny 900-den geçiren we bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçy adyny alan Ronaldo ýene bir taryhy statistikanyň eýesi boldy. 39 ýaşyndaky super ýyldyzyň sosial media boýunça ähli platformalardaky yzarlaýjylarynyň sany 1 milliarda ýetdi.  Ol sosial mediada yzarlaýjy sany 1 milliarda ýeten ilkinji şahsyýet boldy. Ronaldo bu waka bilen baglanyşykly sosial media hasabynda: – Taryhy waka, 1 milliard yzarlaýjy. Bu diňe bir san däl, ondan öte. Futbol oýnuna we onuň aňyrsyna bolan bilelikdäki hyjuwymyzyň, ygrarlylygymyzyň, söýgümiziň nyşany – diýip, belläp geçdi.